HABARLAR


Türkmen diplomaty «Diplomatic World» žurnalynyň ýolbaşçylaryna akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy

Täzelikler

04.11.2023

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýusselde ýerleşýän «Diplomatic World» žurnalynyň ýolbaşçylaryna akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen artistleri «Söýgi we hasrat» atly taryhy tragediýa bilen TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler

Täzelikler

04.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu halkara teatr festiwalyna Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we beýleki türki dilli ýurtlardan teatr toparlary gatnaşdylar.

Aşgabatda Abaý Kunanbaý oglunyň heýkeli oturdylar

Täzelikler

04.11.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy.

Hesel Hanjani: «Men türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň aşygy»

Täzelikler

04.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk we amaly-haşam sungatynyň sergisi, şeýle-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti guraldy. 31-nji oktýabr 2-nji noýabr aralygynda geçirilen sergä Eýran Yslam Respublikasyndan gelen syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri, şol sanda heýkeltaraşlar, keramikaçylar, halyçylar gatnaşdylar.

Türkmenistanda güýzki bag ekiş möwsümine badalga berildi

Täzelikler

04.11.2023

Şu gün Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilip, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda bu möhüm ähmiýetli çäräniň güýzki möwsümine badalga berildi.

Çynar Rüstemowa Moskwanyň Türkmen medeniýet jemgyýetiniň işine ýokary baha berdi

Täzelikler

04.11.2023

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa Moskwanyň Türkmen medeniýet jemgyýetiniň işine ýokary baha berdi we onuň türkmenleriň milli medeniýetiniň ýaýramagyna hem-de milletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn goşant goşandygyny aýtdy. Bu barada Moskwanyň Türkmen medeniýet jemgyýetiniň metbugat gullugy habar berýär.

«Kitap-ruhy hazyna» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Täzelikler

04.11.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezileşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Kitap-ruhy hazyna» ady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

04.11.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet gurluşyk-binagärlik institutynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XV tomunyň çapdan çykmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

04.11.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XV tomunyň çapdan çykmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi.

Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň II Halkara teatr festiwaly geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

04.11.2023

TÜRKSOÝ-yň II Halkara teatr festiwaly Aşgabatda geçiriler. Bu barada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalyna bagyşlanan metbugat ýygnagynda aýtdy.