HABARLAR


3 — 5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

23.10.2023

Şu ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Koreýanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler. Onuň dowamynda konsert hem-de koreý filmleriniň görkezilişi guralar.

«Arkadagyň eserleri pähim-paýhas çeşmesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Kitaphanalar

23.10.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Türkmengaz» döwlet konseriniň Medeni-işewürlik merkeziniň bilelikde guramagynda «Arkadagyň eserleri pähim-paýhas çeşmesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Begmyrat Annamyradow «ABU TV Song Festival» festiwalynda Türkmenistana wekilçilik eder

Halkara medeni gatnaşyklary

23.10.2023

Şu ýylyň 29-njy oktýabrynda Seulda 12-nji Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikleri birleşigi (ABU) tarapyndan guralýan aýdym-saz telebäsleşigi geçiriler. Bu aýdym-saz telebäsleşigine gatnaşjak aýdymçylar belli boldy.

Türkmenistanly talyplar Duşanbede geçiriljek «Central Asian Spelling Bee» bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Täzelikler

23.10.2023

21-nji oktýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda iňlis dilinde sözleri harpma-harp aýtmak boýunça «Central Asian Spelling Bee» bäsleşiginiň milli tapgyryny geçirdi.

Sankt-Peterburgda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby tanyşdyryldy

Täzelikler

21.10.2023

Sankt-Peterburgda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynda saparda bolar

Täzelikler

21.10.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Daşkentde geçiriljek halkara foruma çagyryldy

Täzelikler

21.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň maşgalasy Ziroat Mirziýoýewadan hat gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmnistan» gazetinde habar berildi.

ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

21.10.2023

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň uly döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.

«Näzli» tans topary Hindistanda geçirilen IX halkara festiwalda çykyş etdi

Halkara medeni gatnaşyklary

21.10.2023

«Näzli» tans topary 18 — 20-nji oktýabr aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen IX halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we ýazgysy, ony resmileşdirmegiň, bermegiň tertibi, peýdalanmagyň kadalary tassyklandy

Täzelikler

21.10.2023

Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, ondan peýdalanmagyň kadalary, şeýle-de Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we ýazgysy tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Karara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda gol çekdi.