HABARLAR


Türkmenistanda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli festiwal geçiriler

Täzelikler

21.10.2023

Şu ýylyň 27-28-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi

Täzelikler

21.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Täzelikler

21.10.2023

20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Ata Watan arşa galýar Arkadagly Serdar bilen» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

20.10.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda «Ata Watan arşa galýar Arkadagly Serdar bilen» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

«Zenan kalbyndan dörän nepislikler» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Muzeýler

20.10.2023

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk akademiýasynyň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Zenan kalbyndan dörän nepislikler» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanly suratkeşler IV Daşkent halkara biennalesinde çykyş etdiler

Soňky habarlar

20.10.2023

Şu ýylyň 16 — 20-nji oktýabry aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda amaly sungat boýunça IV Daşkent halkara biennalesi geçirilýär. Onuň çäklerinde 18-nji oktýabrda onlaýn tertibinde guralan «Amaly sungatyň panoramasy: däp-dessurlar we sungat bazary» atly ylmy-tejribe maslahatyna Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň sungat ussatlary Wenada gala konsertini geçirdiler

Halkara medeni gatnaşyklary

20.10.2023

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dogan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap gala konserti bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

Täzelikler

20.10.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň we Bäherden etrap medeniýet bölüminiň, şeýle hem «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda, 19-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherindäki Medeniýet öýünde «Bagşyly il – bagtly il» ady bilen Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärä dürli kärdäki we dürli ýaşdaky 500-den gowrak myhman gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Täzelikler

20.10.2023

19-njy oktýabrda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

19.10.2023

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Onda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.