HABARLAR


Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserleriň sergisi geçiriler

Täzelikler

16.10.2023

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda 17-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy bolar.

Türkmenistanly habarçylar Hytaýyň oba ýerleriniň ösüşi bilen tanyşdylar

Halkara medeni gatnaşyklary

16.10.2023

Türkmenistanyň we Ýewraziýanyň beýleki ýurtlarynyň habarçylary Hytaýyň Şensi welaýatynyň Weýnan şäherine baryp, oba ýerleriniň özgerişi we ösüşi bilen tanyşdylar.

17-nji oktýabrda Aşgabatda Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy bolar

Halkara medeni gatnaşyklary

16.10.2023

17-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy bolar.

Türkmenistan bilen TRT teleýaýlym we radio kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeldiler

Halkara medeni gatnaşyklary

16.10.2023

Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda türkmen teleýaýlymynyň we TRT telewideniýe we radio kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

«Arte» nemes-fransuz teleýaýlymynda «Çöl çägelerindäki hazynalar — Türkmenistanyň gadymy mirasy» atly film görkeziler

Halkara medeni gatnaşyklary

16.10.2023

Ýewropada ýaýlyma berilýän «Arte» nemes-fransuz teleýaýlymy 22-nji oktýabrda «Çöl çägelerindäki hazynalar — Türkmenistanyň gadymy mirasy» atly film görkezer.

Eduar Montut: geljekde fransuz-türkmen sungat gatnaşyklarynyň miwelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys

Halkara medeni gatnaşyklary

16.10.2023

Arkadag şäherinde geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Halkara kinofestiwala gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň ähli ulgamlarynda, şol sanda medeniýet ulgamynda gazanylan üstünliklere, ýetilen belent sepgitlere ýokary baha berdiler. Şeýle myhmanlaryň biri hem Fransiýanyň «Monde et Media» kompaniýasynyň artisti Eduar Montutdyr. Fransiýadan halkara kinofestiwala gatnaşmaga gelen myhman bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol öz ýürek sözlerini şeýle beýan etdi:

17 — 22-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki kinoteatrda we kinokonsert merkezlerinde görkeziljek filmler we multfilmler

Teatr we kino dünýäsi

16.10.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Kinowideohyzmat» birleşiginiň garamagyndaky kinoteatrda we kinokonsert merkezlerinde 2023-nji ýylyň 17 — 22-nji oktýabry aralygynda tomaşaçylara görkezilmegi meýilleşdirilýän filmleriň tertibi:

Türkmenistanyň sungat ussatlary Bakuda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada çykyş etdiler

Halkara medeni gatnaşyklary

16.10.2023

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly agşama hem-de gala konsertine gatnaşdylar.

Daşary ýurtly myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler

Täzelikler

16.10.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 14-15-nji oktýabry aralygynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Bu kinofestiwala dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan gelen kino ussatlary, režissýorlar gatnaşdylar.

Aşgabatda fransiýaly dirižýor Dewid Herponyň konsert agşamy geçiriler

Konsertler

16.10.2023

Şu ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde fransiýaly tanymal dirižýor Dewid Herponyň çeper ýolbaşçylyk etmeginde konsert agşamy geçiriler.