HABARLAR


Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi açyldy

Täzelikler

17.10.2023

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda bu ýokary ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň türkmen alabaýlaryna bagyşlap döreden sungat eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

«Arkadagly ýurduň – geljegi ýaşlar» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Muzeýler

17.10.2023

17-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Arkadagly ýurduň – geljegi ýaşlar» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy

Täzelikler

17.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Aşgabatda Ýelena Oreşkinanyň konserti geçirildi

Konsertler

17.10.2023

Aşgabat şäherindäki «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Ýelena Oreşkinanyň konserti geçirildi. Ol 1973-nji ýylda ilkinji gezek «Dostluk» atly mekdebiň aýdym-saz toparynyň düzüminde bas gitara bilen sahna çykdy.

Lebap welaýatynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi açyldy

Muzeýler

17.10.2023

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen alabaýy— edermenligiň we wepadarlygyň nusgasy» atly sergi öz işine başlady.

Teatr we kino ussadynyň doglan güni mynasybetli kitap sergisi guraldy

Täzelikler

17.10.2023

Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Suraý Myradowanyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli «Keşplerde ýaşaýan ynsan» atly kitap sergisi we gürrüňdeşlik guraldy.

«Döredijilik belentlikleri» atly kitap sergisi guraldy

Kitaphanalar

17.10.2023

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda ýurdumyzyň tanymal kompozitory Daňatar Hydyrowyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan «Döredijilik belentlikleri» atly kitap sergisi guraldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Täzelikler

17.10.2023

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba-senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Aşgabatda noýabr aýynda IV Halkara teatr festiwaly geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

16.10.2023

Şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde IV Halkara teatr festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan teatr artistleriniň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda garaşylýar. Halkara teatr festiwala G.Kamala adyndaky Tatar döwlet akademiki teatry hem gatnaşjakdygyny tassyklady.

Türkiýeli kino ussatlary Mary welaýatynda gezelenç etdiler

Soňky habarlar

16.10.2023

Şu gün Türkiýe Respublikasyndan Arkadag şäherinde geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşmaga gelen kino ussatlary Mary welaýatynda ýerleşýän Gadymy Merw medeni we taryhy goraghanasyna bardylar. Bu barada Halkara habarlar merkezi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine habar berdi. Myhmanlara bu ýerdäki Uly gyzlar gala we Kiçi gyzlar gala barada maglumatlar berildi.