HABARLAR


«Körpe jigilerimiziň ýazan goşgulary» atly söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

13.10.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde okyjylary bilen bilelikde «Körpe jigilerimiziň ýazan goşgulary» ady bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdi.

Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Täzelikler

13.10.2023

Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk syýasaty – halkara howpsuzlygyň we ösüşiň binýady» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistan Samarkant şäherini 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy goldaýar

Halkara medeni gatnaşyklary

13.10.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar berdi.

2024-nji ýylda Baku we Ganja şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

13.10.2023

2024-nji ýylyň aprel aýynda Baku we Ganja şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow Azerbaýjanyň Medeniýet ministriliginde geçirilen duşuşygyň dowamynda belledi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ministrleri duşuşyk geçirdiler

Halkara medeni gatnaşyklary

13.10.2023

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Karimli bilen duşuşdy.

Fransuz aktýory Eduar Montut ilkinji gezek Türkmenistana geldi

Halkara medeni gatnaşyklary

13.10.2023

«Taksi» filmindäki polisiýa inspektory Aleniň keşbi bilen tanalýan meşhur fransuz teatry we kino aktýory Eduar Montut Arkadag şäherinde geçiriljek film festiwalyna gatnaşmak üçin ilkinji gezek Türkmenistana geldi. Bu barada HHM habar berýär.

«Watanyň geljegi bagtyýar ýaşlar» atly hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

Kitaphanalar

13.10.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de giňden wagyz etmek Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Medeniýet ministrliginiň guramagyndaky kitaphanalardan öňdebaryjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçylary ýüze çykarmak maksady bilen yglan eden «Watanyň geljegi bagtyýar ýaşlar» atly hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.

«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Täzelikler

13.10.2023

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Bişkekde Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Täzelikler

13.10.2023

Bişkege iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana iş sapary başlandy

Täzelikler

13.10.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen bardy.