Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikler geçiriler
Täzelikler
13.10.2023Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji oktýabrda gol çekdi.