HABARLAR


Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi öz işine başlady

Täzelikler

10.10.2023

10-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi öz işine başlady. Günüň ikinji ýarymynda bolsa onuň çäklerinde ylmy maslahat geçiriler.

«EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli güni geçirildi

Täzelikler

10.10.2023

9-njy oktýabrda Katar Döwletiniň Doha şäherindäki «Al bidda» seýilgähinde «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli güni geçirildi.

13 — 15-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna eserleri

Teatr we kino dünýäsi

10.10.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2023-nji ýylyň 13 — 15-nji oktýabry aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

Türkmen telewideniýesiniň wekilleri Hytaýda iş saparynda boldular

Halkara medeni gatnaşyklary

10.10.2023

Dünýäniň 22 ýurdundan 30 töweregi žurnalist, şol sanda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Hytaýyň günorta-günbataryndaky Tibet awtonom sebitinde bäş günlük saparda boldular.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Täzelikler

10.10.2023

9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýeti TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň maslahatyna hem-de Türki dünýäsiniň II muzeýler forumyna gatnaşýar

Halkara medeni gatnaşyklary

10.10.2023

Şu ýylyň 11 — 14-nji oktýabry aralygynda Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň maslahaty hem-de Türki dünýäsiniň II muzeýler forumy geçiriler. Bu maslahata hem-de foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Türkmenistanly ýaşlar Delfiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edýärler

Halkara medeni gatnaşyklary

10.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde GDA agza döwletleriň ýaşlarynyň arasynda XVII Delfiýa oýunlary geçirilýär. Bu oýunlara ilkinji gezek türkmenistanly ýaşlar hem gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary I halkara Ýewraziýa medeniýet festiwalyna gatnaşýar

Halkara medeni gatnaşyklary

09.10.2023

Şu ýylyň 13 — 15-nji oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde I halkara Ýewraziýa medeniýet festiwaly geçiriler. Oňa Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşarlar.

Bişkekde XVII Delfiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

09.10.2023

2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň XVII delfiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ilkinji gezek türkmen ýaşlary gatnaşýar.

Türkmen wekiliýeti Ärdebilde geçirilen YHG agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Syýahatçylyk

09.10.2023

2023-nji ýylyň 4-5-nji oktýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ärdebil şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň 5-nji duşuşygyna we ýokary derejeli hünärmenleriniň 7-nji duşuşygyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradow hem-de «Aziýanyň merjeni» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Gurban Gurbanow gatnaşdylar.