HABARLAR


Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň halkara üstünligi

Halkara medeni gatnaşyklary

09.10.2023

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan — 4-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Taldykurgan şäherinde Biken Rymowanyň doglan gününiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen «Biken» atly I Halkara teatr festiwalyna gatnaşdy.

10 — 15-nji oktýabr aralygynda Aşgabatdaky kinoteatrda we kinokonsert merkezinde görkeziljek filmler we multfilmler

Teatr we kino dünýäsi

09.10.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Kinowideohyzmat» birleşiginiň garamagyndaky kinoteatrynda we kinokonsert merkezlerinde 2023-nji ýylyň 10 — 15-nji oktýabry aralygynda tomaşaçylara görkezilmegi meýilleşdirilýän filmleriň tertibi:

Bakuda «Gorkut ata» türki dünýäsiniň kinofestiwaly öz işine başlady

Halkara medeni gatnaşyklary

09.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 8 — 11-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde «Gorkut ata» türki dünýäsiniň III kinofestiwaly geçirilýär. Baku şäherindäki Geýdar Aliýew merkezinde bolsa «Şuşa – türki dünýäsiniň medeni paýtagty» ýylynyň çäklerinde kinofestiwalyň açylyş dabarasy geçirildi.

«Ynsan saglygy gymmatly baýlyk» atly sergi geçirildi

Muzeýler

09.10.2023

Türkmenistanda her ýylyň 10-njy oktýabrynda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ynsan saglygy gymmatly baýlyk» atly sergi gurnaldy.

«Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi

Täzelikler

09.10.2023

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Edebiýatçy alymyň täze kitaby neşir edildi

Kitaphanalar

08.10.2023

Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan edebiýatçy alym Maral Atdaýewanyň «Seýit Ymadeddin Nesiminiň çeper filosofiýasy» atly kitaby çap edilip, okyjylara gowuşdy.

Türkmen wekiliýeti «Prix Italia 2023» festiwalyň çäginde Baş Assambleýanyň mejlisine gatnaşdy

Halkara medeni gatnaşyklary

07.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, Italiýada «Prix Italia 2023» festiwaly geçirildi. Festiwalyň çäginde Baş Assambleýanyň yzygiderli mejlisi hem geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew gatnaşdy.

Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat geçirildi

Täzelikler

07.10.2023

Şu gün — 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap!» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar

Halkara medeni gatnaşyklary

07.10.2023

Şu ýylyň 13-14-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler.

«Näzli» tans toparynyň agzalary Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşar

Halkara medeni gatnaşyklary

07.10.2023

2023-nji ýylyň 18 — 20-nji oktýabry aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde Halkara tans we aýdym-saz festiwaly geçiriler. Oňa «Näzli» tans toparynyň agzalarynyň 11-si gatnaşar.