HABARLAR


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

29.09.2023

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda iş maslahatyny geçirdi.

ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

Konsertler

28.09.2023

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti geçirildi. Konsert 19:00-da başlandy we Türkmenistanyň milli däp-dessurlaryna we medeniýetine bagyşlandy. Oňa meşhur türkmen suratkeşleri hem-de daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Täzelikler

28.09.2023

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňünde ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk görnüşinde bezelen münber köp sanly myhmanlary garşylady.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY

Täzelikler

28.09.2023

Agzybir türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 32 ýyllygyny uly buýsanç bilen belleýär. Asylly däbe görä, esasy baýramçylyk çäreleri häzirki we geljek nesilleriň ýadynda müdimilik galjak taryhy wakanyň – Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň binagärlik nyşanyna – Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy.

Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri beýan etdi

Täzelikler

28.09.2023

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň çägini giňeltmäge gönükdirilen teklipleri beýan etdi. Türkmenistanyň 2023 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek boýunça işleriň geçirilmeginiň möhümdigini döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistanyň wekilleri Duşanbe şäherinde geçiriljek Halkara gurjak teatrlary festiwalyna gatnaşarlar

Halkara medeni gatnaşyklary

28.09.2023

24-nji oktýabrdan 29-njy oktýabr aralygynda Täjigistanda «Çodari Haýol» gurjak teatrlarynyň VII festiwaly geçiriler. «Howar» habar gullugynyň ýazmagyna görä, bu festiwala Türkmenistan ilkinji gezek gatnaşar.

WATANYŇ WE HALKYŇ ÖŇÜNDE BITIRILEN AÝRATYN HYZMATLAR ÜÇIN DÖWLET SYLAGLARY

Täzelikler

28.09.2023

Paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş­ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

TÜRKMEN SURATKEŞI LEONARDO DA WINÇINIŇ PYNHAN ŞEKILLERINIŇ SYRYNY ÖWRENÝÄR

Halkara medeni gatnaşyklary

28.09.2023

Nuriddin Burhanowiç Niýazow 1949-njy ýylda Lebap welaýatynda demirçi ussanyň maşgalasynda dünýä indi. Onuň çagalygynyň geçen ýeri bolan ata-enesiniň öýi owadan ýerde-Amyderýanyň kenarynda ýerleşýärdi. Tebigat gözelligi onuň döredijiligine täsir edipdir.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

Täzelikler

28.09.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Watanymyzyň we jemgyýetimiziň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy

Täzelikler

25.09.2023

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.