HABARLAR


Garaşsyzlyk - parahatlyk binýady

Täzelikler

25.09.2023

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-parahatlyk binýady» atly baýramçylyk sergisi guraldy. Bu sergide ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň saýlama eserleriniň 200-den gowragy sergilendi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

Täzelikler

25.09.2023

Paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

SUNGATDA DÖWRÜŇ WASPY

Muzeýler

23.09.2023

Ýurdumyzda bilim we medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, ony halkara derejesine laýyk getirmek, döwrüň gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça birnäçe netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde bilim ulgamy düýpli özgertmeler, täzelikler bilen ýokary derejelere ýetdi. Hormatly Prezidentimiz bilim işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, okuwçylaryň dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim almaklary ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berdi.

Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar

Muzeýler

23.09.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bedew bady bilen öňe barýan, asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar» atly sergi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Taryhy taryply Türkmenistanym

Kitaphanalar

22.09.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli «Asyrlara uzaýandyr taryhyň, Garaşsyz Watanym Türkmenistanym» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Sagdyn nesil – bagtyýar durmuş

Kitaphanalar

22.09.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Ýeňijiler öňe saýlandy

Konsertler

22.09.2023

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we «Diýar» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Diýarda diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Kappadokiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bellenildi

Halkara medeni gatnaşyklary

22.09.2023

Şu günler ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllygynyň dabaralary giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, köpugurly dabaralar diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem geçirilýär.

GDA TEATR FESTIWALY – 2024

Halkara medeni gatnaşyklary

22.09.2023

2024-nji ýylda Samarkant GDA-nyň medeni paýtagty bolar. Şu mynasybetli bu ýerde uly göwrümli çäreleriň 21-si geçiriler. Olaryň arasynda GDA ýurtlarynyň teatr festiwaly hem bar. Samarkant sebitiniň syýahatçylyk, medeni miras we sport boýunça häkiminiň orunbasary Rustam Kobilowyň aýtmagyna görä, 2024-nji ýylyň mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA ýurtlarynyň teatr festiwaly Samarkantda ilkinji gezek geçiriler.

Garaşsyzlyk – halkymyzyň şöhrat-şany

Kitaphanalar

22.09.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – halkymyzyň şöhrat-şany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.