ÝAZYJY-ŞAHYRLARYŇ DUŞUŞYGY


ÝAZYJY-ŞAHYRLARYŇ DUŞUŞYGY

2024-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, doganlyk Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde, iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň duşuşygy geçirildi.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda geçirilen, bu halkara çärede çykyş eden ýazyjy-şahyrlar, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň umumadamzat bähbitlidigini nygtadylar. Özbegistanly ýazyjy-şahyrlaryň öz çykyşlarynda, Özbegistan Respublikasynda hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulýandygyny, goşgularynyň aýdyma öwrülendigini bellemekleri örän buýsançlydyr.

Akyldar şahyryň köptaraply döredijiligini giňişleýin açyp görkezen duşuşykda çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzda, bu halkara medeni çäräniň ýokary derejede geçirilmegi ugrundaky uly tagallalary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň hormatly Prezidentlerine tüýs ýürekden alkyşlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent maksatlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.