ÝÜPEK ÝOLUNYŇ HAZAR-WOLGA GEÇELGESI. ÜÇÜNJI SEBITLEÝIN MASLAHATY


ÝÜPEK ÝOLUNYŇ HAZAR-WOLGA GEÇELGESI. ÜÇÜNJI SEBITLEÝIN MASLAHATY

2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda geçirilen Hökümet agzalarynyň Türkmenistanyň, Azerbeýjanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ýüpek ýolunyň Hazar-Wolga geçelgesiniň transferli hödürnama toparynyň iş wekilleriniň we milli utgaşyjylaryň şeýle hem UNESCO-nyň Merkezi aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri guramak boýunça halkara geňeşiniň, Ýoponiýanyň Teýkýio Uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň Loughborough Uniwersitet kolležiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk taryhyň dowamynda ýola goýulan halkara gatnaşyklarynyň häzirki döwürdäki ähmiýetine bagyşlandy.

Halkara çäräniň ýapylyş dabarasynda çykyş edenler Beýik ýüpek ýolunyň taryhyň dowamynda gündogar bilen günbatary baglanyşdyran hem-de Türkmenistanyň çäginde deňi taýy bolmadyk yklymara geçelgäniň häzirki zaman ruhyna kybap derejede dikeldilmeginiň ähmiýetine üns berildi.

Gadymy çeşmelerde we bu ugur boýunça iş alyp barýan alymlaryň, taryhçylaryň ylmy işlerinde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwürleri hem-de nesilleri baglanyşdyrandygy tassyklanylýar. Taryhy ähmiýeti bolan geçelgäniň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň aýratyn hem Türkmenistanyň çäklerinde saklanyp galan taryhy we medeni ýadygärlikler türkmen we daşary ýurt barlagçylary tarapyndan toplanan baý arheologik tapyndylar bu ugruň tutuş dünýä üçin ähmiýetli bolandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem çykyşlarda bu baradaky maglumatlaryň Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly düýpli ýazan eserinde öz beýanyny tapdy. Şeýle hem alym Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda Beýik Ýüpek ýoly we onuň ähmiýeti barada gyzykly maglumatlaryň bardygyny bellemek gerek. Şeýle hem geçirilen duşuşygyň Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ugruny eýeleýändigi barada aýdylýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler, hem-de bu ugurda ýola goýulan gatnaşyklaryň mundan beýläk hem netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.