HABARLAR


«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly dabara geçirildi

Täzelikler

27.10.2023

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 26-njy oktýabrda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly dabara geçirildi. Dabarada Magtymgulynyň ömri, döredijiligi, watançylyk, edep-terbiýe öwüt-nesihatlary, goşgularyň ähmiýeti dogrusunda giňişleýin çykyş edildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Täzelikler

27.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasynda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri birek-birege it güjügini sowgat etdiler

Täzelikler

26.10.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ankarada saparda bolmagynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşik geçirdi. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi we metbugat maslahaty geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

Täzelikler

26.10.2023

Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Bu duşuşygyň dostlukly ýurduň milli baýramynyň — Respublikanyň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň bellenilýän günlerine gabat gelmegi özboluşly mana eýedir.

Ankarada Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi

Täzelikler

26.10.2023

Şu gün Ankarada hormatly Prezidentimiziň resmi saparyna gabatlanyp, Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi. Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edarasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň Ankaradaky ýadygärligine bardy

Täzelikler

26.10.2023

Türkiýede resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň Ankarada ýerleşýän ýadygärligine gül goýdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mustafa Atatürki hatyralady

Täzelikler

26.10.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparyny bu dostlukly döwletiň düýbüni tutujy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň Ankarada ýerleşýän aramgähine gül goýmakdan başlady.

Ýazyjy Gowşutgeldi Daňatarowyň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

Täzelikler

26.10.2023

Şu gün dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Täzelikler

25.10.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene we ýurduň ähli halkyna Awstriýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Kitap — paýhas hazynasy» atly kitap sergisi guraldy

Täzelikler

25.10.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň kitaphanasynda «Kitap — paýhas hazynasy» atly kitap sergisi guraldy.