HABARLAR


TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygy mynasybetli Parižde aýdym-sazly dabara geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

18.12.2023

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Pariždaky ştab-jaýynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.

Mukamlar köşgünde bilelikdäki Türkmen-amerikan konserti geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

16.12.2023

15-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konsertde Brodweýiň sazlary Aşgabadyň aýdym-saz muşdaklaryny gurşap aldy. Bilelikdäki Türkmen-amerikan konsertinde «Chicago», «Phantom of the Opera» we «Annie» ýaly nusgawy saz eserleri ýerine ýetirildi.

2024-nji ýylda Änew şäherinde geçiriljek dabaralaryň meýilnamasy tassyklandy hem-de degişli guramaçylyk topary döredildi

Soňky habarlar

16.12.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, 15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

Täzelikler

16.12.2023

15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanda ýapon filmleriniň VII festiwaly açyldy

Halkara medeni gatnaşyklary

16.12.2023

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan ýapon filmleriniň VII festiwalynyň açylyş dabarasy «Aşgabat» kinoteatrynda geçirildi. Bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Täzelikler

15.12.2023

Şu gün — 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň çyralarynyň ýakylyş dabarasy boldy. Her ýylky däbe görä, bu ýyl hem Baş arça «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýerleşdirildi.

Režissýor Sapardurdy Annaýew Täze ýyl mynasybetli täze film surata düşürýär

Teatr we kino dünýäsi

15.12.2023

Ýetip gelýän Täze — 2024-nji ýyl mynasybetli Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan gysga göwrümli çeper film surata düşürilýär. Ol ýylyň esasy baýramynyň ruhy bilen gurşalypdyr.

«Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany» atly maslahat geçirildi

Medeni miras

15.12.2023

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň mekany» atly maslahat geçirildi.

Bahar Annaýewa «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy

Konsertler

15.12.2023

Şu gün Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda asylly däbe görä, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän şanly wakalaryň biri bolan «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Aşgabatda Hytaýyň Longyun söweş sungaty boýunça toparyň çykyşy görkeziler

Halkara medeni gatnaşyklary

15.12.2023

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde Hytaýyň Longyun söweş sungaty boýunça toparyň çykyşy görkeziler.