2024-nji ýylda Änew şäherinde geçiriljek dabaralaryň meýilnamasy tassyklandy hem-de degişli guramaçylyk topary döredildi


2024-nji ýylda Änew şäherinde geçiriljek dabaralaryň meýilnamasy tassyklandy hem-de degişli guramaçylyk topary döredildi



Ozal habar berşimiz ýaly, 15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy hem-de degişli guramaçylyk topary döredildi.

Şol resminama laýyklykda, halkara ylmy maslahaty, halkara ýaşlar forumyny, halkara festiwallary, maslahatlary, sergileri, halkara kinofestiwaly, Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyny, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we başga-da köp sanly çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew şäherine berlen ýörite göçme kubogy gowşurmak dabarasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Änew şäheriniň geljek ýyl «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany bu çäreleriň ýurdumyzyň adamzat medeniýetiniň ilkinji taryhy mekanlarynyň biridigini giňden açyp görkezmelidigini belledi hem-de göçme kubogy gowşurmak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini wise-premýere tabşyrdy.