HABARLAR


Türkmenistanyň Döwlet sirkinde «Altyn balyk» sirk oýunlarynyň ilkinji görkezilişi bolar

Täzelikler

15.12.2023

Ertir — 16-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Täze ýyl baýramy mynasybetli sahnalaşdyrylan «Altyn balyk» atly sirk oýunlarynyň ilkinji görkezilişi bolar.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Aladdin» atly täze oýun sahnalaşdyryldy

Teatr we kino dünýäsi

14.12.2023

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary «Aladdin» ertekisini sahnalaşdyryp, çagalara Täze ýyl sowgadyny taýýarlady.

15 — 17-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna eserleri bilen tanyş boluň!

Teatr we kino dünýäsi

14.12.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2023-nji ýylyň 15 — 17-nji dekabry aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

Maryda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

14.12.2023

Şu gün Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri bilen birlikde Eýran Yslam Respublikasyndan gelen sungat, döredijilik işgärleri hem gatnaşdylar.

«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Täzelikler

14.12.2023

Ýakynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek çäreleriň maksatnamasy bilen tanyş boluň!

Halkara medeni gatnaşyklary

14.12.2023

«Änew — türki dünýäniň medeni paýtagty — 2024» ýylynyň çäginde Türkmenistanda türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň, alymlarynyň, žurnalistleriniň we syýahatçylyk pudagynyň işgärleriniň gatnaşmagynda birnäçe forumlary, festiwallary we konferensiýalary geçirmek meýilleşdirilýär.

Londonda Türkmenistanyň Bitaraplygy hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Täzelikler

14.12.2023

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hem-de Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan edebi agşam geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň sergisi geçirildi

Muzeýler

13.12.2023

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergiler zalynda türkmen suratkeşleriniň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döredijilik işleriniň sergisi geçirildi. Türkmen suratkeşleri bu baýramy sungatda gazanan täze üstünlikleri bilen garşy aldylar. Sergä jemi 80-e golaý iş hödürlenipdir, olaryň arasynda surat eserleri, grafika, gobelen we keramika bar.

Aşgabatda Nurberdi Annagurbanowyň döredijilik sergisi geçirildi

Muzeýler

13.12.2023

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Nurberdi Annagurbanowyň şahsy döredijilik sergisi geçirildi.

«Arkadagly Serdarymyzyň pähiminden, öňe barýar baky Bitarap Watan» atly aýdym-sazly dabara geçirildi

Kitaphanalar

13.12.2023

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda «Aşgabat» söwda we medeni dynç alyş merkezinde kitaphananyň okyjylary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli «Arkadagly Serdarymyzyň pähiminden, öňe barýar baky Bitarap Watan» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.