HABARLAR


Azerbaýjanda TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty hem-de Türki dünýäsiniň I medeniýet forumy geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

19.10.2023

2023-nji ýylyň 11-14-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Şuşa şäherlerinde Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty hem-de Türki dünýäsiniň I medeniýet forumy geçirildi.

«Keşdeçilik - naýbaşy sungat» ady bilen kitap sergisi gurnaldy

Kitaphanalar

19.10.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Keşdeçilik — naýbaşy sungat» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Türkmen teatrynda «Gilgameş» atly taryhy drama sahnalaşdyrylýar

Teatr we kino dünýäsi

19.10.2023

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň režissýory Öwezmämmet Galandarow şahyr Oguljennet Bäşimowanyň edebi esasyny ýazan «Gilgameş» atly adybir taryhy dramasyny sahnalaşdyrmaga girişdi.

Türkmen wekiliýeti Pekinde geçiriljek «Maddy däl medeni miras hepdeligi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşar

Halkara medeni gatnaşyklary

19.10.2023

2023-nji ýylyň 22 — 25-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde «Maddy däl medeni miras hepdeligi» atly halkara sergi we maslahat geçiriler.

«Aşgabat» kinoteatrynda tatar filmleri görkezildi

Halkara medeni gatnaşyklary

19.10.2023

Türkmenistanda geçirilýän Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäginde paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda» tatarystanly kino sungatynyň bilermenleri bilen «Oguzhan» adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň hünärmenleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

«Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

19.10.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

«TRT» türk telekompaniýasy Arkadag şäherinde geçirilen halkara kinofestiwalyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdi

Halkara medeni gatnaşyklary

19.10.2023

«TRT» türk telekompaniýasy özüniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Arkadag şäherinde geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň Hormat haty bilen sylaglanmagy mynasybetli festiwalyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Tatarystanly sungat ussatlary Mary welaýatynda saparda boldular

Halkara medeni gatnaşyklary

19.10.2023

Şu günler Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär. Medeniýet günleriniň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlary Mary welaýatynda myhmançylykda boldular.

«Beýik ussat Pyragy – dünýä edebiýatynyň şamçyragy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Kitaphanalar

19.10.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Beýik ussat Pyragy – dünýä edebiýatynyň şamçyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

«Arzuwlar siňen alaja» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Muzeýler

19.10.2023

«Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň gurnamagynda «Arzuwlar siňen alaja» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.