HABARLAR


Daşoguzly mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Täzelikler

19.10.2023

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi, welaýat Medeniýet müdirligi, TMÝG-niň welaýat geňeşi, «Bagtyýar eýýam» hususy kärhanasy bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Ýürekleri joşdurýar galkynyşly mekanym, gülleýär, gül açýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly türkmen, rus, iňlis dillerinde goşgy we düzme ýazmak hem-de surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edipdiler. Bu barada «Daşoguz habarlary» welaýat gazeti habar berýär.

«Süňňi owaz, zanny saz» atly sergi guraldy

Muzeýler

19.10.2023

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Daşoguz şäher bagşylar muzeýinde «Süňňi owaz, zanny saz» atly sergi guraldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-de göçme sergi gurnaldy

Muzeýler

19.10.2023

Şu ýylyň 17 — 19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmenleri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde göçme sergi gurnadylar.

Aşgabatda Hafyz Şiraza bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

Täzelikler

19.10.2023

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty, ýagny gündogar dilleri fakulteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkeziniň bilelikde gurnamagynda bu ýokary okuw mekdebinde Hafyz Şiraza bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi.

Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördi

Täzelikler

18.10.2023

Pekin şäherinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtygy bilen Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördi.

Medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek boýunça Türkmenistanyň we Tatarystanyň hünärmenleri özara pikir alyşdylar

Halkara medeni gatnaşyklary

18.10.2023

Şu günler Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Dostlukly ýurduň medeniýet günleriniň çäginde Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Halk senetçiliginiň häzirki zaman ösüşi» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi geçirildi.

Samarkantda ÝUNWTO-nyň Baş Assambleýasynyň 25-nji sessiýasy öz işine başlady

Syýahatçylyk

18.10.2023

Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ÝUNWTO-nyň 25-nji sessiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we ÝUNTWO-nyň Baş sekretary Zurab Pololişwili gatnaşdy.

Ogulgerek Berdimuhamedowa Pekiniň muzeýlerine baryp gördi

Täzelikler

18.10.2023

Pekin şäherinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäginde şu gün Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Pekiniň sungat muzeýine hem-de Hytaýyň zenanlar we çagalar milli muzeýine baryp gördi.

«Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Kitaphanalar

18.10.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgi bilen Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Täzelikler

18.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy.