HABARLAR


20 — 22-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna eserleri

Teatr we kino dünýäsi

18.10.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2023-nji ýylyň 20 — 22-nji oktýabry aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

«Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa» atly söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

18.10.2023

17-nji oktýabrda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat toplumynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahata gatnaşýar

Täzelikler

18.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşýar.

Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçiriler

Täzelikler

18.10.2023

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi A.Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň başlygy A.K.Kolçar bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri we geljekki özara gatnaşyklar üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täjigistandaky halkara kinofestiwalda türkmen filmi görkezilýär

Halkara medeni gatnaşyklary

18.10.2023

Şu günler Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde «Toji Somon» halkara kinofestiwal geçirilýär. Täjigistanyň Kino gününe bagyşlanan halkara festiwala Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşýar. Bu festiwala gatnaşýan myhmanlara «Gyzyl kürte» çeper filmi görkezilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy HHR-niň başlygy Si Szinpin garşylady

Täzelikler

18.10.2023

Habar berşimiz ýaly, düýn — 17-nji oktýabrda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak – bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin, Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi gurnaldy

Soňky habarlar

18.10.2023

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň, Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleriniň fotosuratlarynyň sergisi geçirildi.

Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

Halkara medeni gatnaşyklary

18.10.2023

17-nji oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Halow Muhammetgulyýewiň 70 ýaşy mynasybetli dabara geçirildi

Täzelikler

17.10.2023

Türkmenistanyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk gurallary bölüminiň uly mugallymy Halow Muhametgulyýewiň dostlary, talyplary we kärdeşleri onuň 70 ýaşyny gutlamak üçin uly zala ýygnandylar.

Tokioda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

Täzelikler

17.10.2023

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabara geçirildi. Tokioda geçirilen dabaranyň çäklerinde Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co. LTD» jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoene «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň nyşanynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.