Türkmenistanly suratkeşler IV Daşkent halkara biennalesinde çykyş etdiler


Türkmenistanly suratkeşler IV Daşkent halkara biennalesinde çykyş etdiler

Şu ýylyň 16 — 20-nji oktýabry aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda amaly sungat boýunça IV Daşkent halkara biennalesi geçirilýär. Onuň çäklerinde 18-nji oktýabrda onlaýn tertibinde guralan «Amaly sungatyň panoramasy: däp-dessurlar we sungat bazary» atly ylmy-tejribe maslahatyna Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniji Maýa Jumaniýazowa hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowa hem foruma öz çykyşlary bilen gatnaşdylar.

Halkara ylmy-tejribe maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlarynyň üsti bilen türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli sungaty, onuň çeperçilik gymmaty hem-de häzirki döwürdäki ähmiýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Dowam edýän biennaleniň globallaşma şertlerinde milli medeniýetleri gorap saklamagy maksat edinýändigini we olaryň döredijilikli düşündirişini hem-de innowasiýa ösüşini öňe sürýändigini bellemek gerek.