Nusaýyň parfiýa döwrüniň galalary
Nusaý 5 asyryň dowamynda, ýagny b.e.ö. III-nji asyryň ortasynda b.e. III-nji asyryň birinji çärýeginiň ahyryna çenli ýaşan we gadymy dünýäniň iň kuwwatly döwleti hökmünde öňe çykan Parfiýa imperiýasynyň ilkinji merkezidir. Ol 2007-nji ýylda medeni Landşaft ugry boýunça bütündünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýlelikde, entek 1980-nji ýylda, Türkmenistanda ilkinji döredilen bu taryhy-medni goraghananyň işgärleriniň çeken köpýyllyk döredijilikli zähmeti halkara ykrarnamasyna eýe boldy. Şu geçen ýyllaryň dowamynda goraghana ilkinji nobatda ýadygärligiň töwereginiň ilki başky tebigy gözelligini we taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak ugrunda uly alada etdi. Ýokary halkara guramasynyň Nusaý galalaryny bütündünýä mirasy sanawyna goşmak baradaky kararynda şeýle sözler bar: “möhüm söwda we stratigrafik ýollaryň ugrunda ýerleşen Nusaýyň arheologik ýadygärlikleri öz döwründe Gadymy Rimiň Gündogara ýaýramagyna geçirip bolmajak böwet boldy”, sol bir wagtyň özünde gündogar bilen günbataryň demirgazyk bilen günortanyň arasynda mshüm söwda merkezi bolup hyzmat eden Parfiýa Merkezi Aziýanyň we Ortaýerdeňizýaka dünýäsiniň medeniýetleriniňözara täsiriniň ýokary derejesini görkezýär.
Gürrüň biri-birinden 2 km aralykda ýerleşýän 2 sany gadymy gala barada gidýär. Olar şol gadymy döwürde örän uly we daşy mizemez gala diwary bilen berkidilen Parfiýa imperiýasynyň möhüm merkezi bolan Mitridatkert şäheriniň galyndylary bolan Köne we Täze Nusaýdyr. Bu galalar üstünden 2 müň ýyl geçendigine garamazdan daşky çäginiň ilkibaşky görnüşini we ýerli medeniýet bilen gadymy Grek we gadymy Rim sungatynyň sazlaşygyndan emele gelen siwilizasiýanyň yzlaryny öz gatlaklarynda häzire çenli saklapdyrlar. Nusaýda gazuw barlag işleri indi 80 ýyl gowrak dowam edýär we häzir bu ýerde Türkmen, Rus, Italýan alymlary arheologik gazuw barlag işlerini alyp barýarlar. Şonuň bilen birlikde, üsti açylan gadymy desgalaryň diwarlarlarynyň galyndylaryny, ýüze çykarylan arheologik materiallary berkitmek, rejelemek işlerini amala aşyrýalar.
22 asyr mundan ozal Parfiýa döwletini esaslandyran Ärşagyň we Beýik Parfiýa imperiýasyny döreden onuň nebereleriniň mukaddes galasy bolan Nusaý Türkmenistanyň Paýtagty ak mermerli gözel Aşgabadyň çäginde ýerleşýär, we ol ýurdumyzyň syýahatçylyk desgalarynyň biri bolup durýar. Aşgabada gelýän köpsanly myhmanlar ilki bilen bu ajaýyp ýadygärligi gelip görýärler. Gadymy taryhyň, binagärligiň we sungatyň deňtaýy bolmadyk ýadygärligi hökmünde Nusaý Merkezi Aziýa boýunça halkara syýahatçylyk ýol görkezijilerine katologlara girizilendir. Nusaýda tapylan pil süňkinden ýasalan, inçe sungatyň önümi bolan bahasyna ýetip bolmajak şabadalaryň (ritonlaryň) toplumy, ellinçilik mekdebine eýerip mermerden ýonulyp ýasalan ajaýyň heýkeller, altyndan we kümüşden ýasalan täsin önümler bu gün Türkmenistanyň muzeýleriniň tekjelerini bezeýär. Bu ajaýyp tapyndylaryň ýüze çykarylan ýeri bolan Nusaýyň gadymy ybadathanalaryň galyndylaryny galyndylaryny öwrenmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly arheologlaryň sany barada artýar. Parfiýanyň täsin ediji, we özüne çekiji güýje eýe bolmagy onuň bezeg däpleriniň ençeme nagyşlarynyň, binagärçilik ýörelgeleriniň asyrlardan- asyrlara aşyp, bu günki türkmen durmuşyna dowam etdirilmegine sebäp bolupdyr. Ajaýyp şabadalaryň ýüze çykarylanyna bary-ýogy ýarym asyrdan gowrak wagt geçenem bolsa olar biziň milli özboluşlylygymyzyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen Türkmenistanyň gadymy medeniýetiniň hakyky nyşanyna öwrüldi.