«Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň synmaz sütüni» atly kitap sergisi geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky we Garadamak şäherçe kitaphana şahamçalary bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde gurnamagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň synmaz sütüni» ady bilen kitap sergisi we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, nusgawy edebiýatymyzyň sarpalanýandygy, türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan dürdäne setirleriniň türkmen halkynyň kalbynda baky orun alandygy, Pyragynyň şygyrlarynyň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän uly ähmiýetiniň bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ata Watanymyzda medeniýetimizi ösdürmäge, nusgawy şahyrlaryň eserlerini çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýändiginden ugur alyp, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasyndan dörän gymmatly eserleri çeper dilde beýan edildi.