Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
Täsin we köpdürli medeni-ruhy baýlyklar halklarydyr milletleri biri-biri bilen ýakynlaşdyrýan hem-de baglanyşdyrýan esasy gymmatlyklar bolup durýar. Biziň müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen milli mirasymyzyň, tanymal şahsyýetlerimiziň döredijiliginiň bu gün parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda örän möhüm ähmiýeti bardyr.