logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Täzelikler

11.09.2026

10-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan bu döredijilik gözden geçirilişi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Bäsleşik ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, olaryň halkymyzyň egsilmez ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna ýardam berýär. Hemmeler hormatly Prezidentimiziň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Bellenilişi ýaly, sungat äleminde yz goýmak ussatlygy talap edýär. Aýdym-saz sungatynda ussatlyga ýetmek üçin meşhur halypalaryň ýerine ýetirijilik aýratynlygyny öwrenmek, halypa-şägirtlik mekdebini geçmek esasy zerurlykdyr. Halkyň kalbyna ornan aýdym-sazlar milli medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Şol hazynany baýlaşdyrmak bolsa ýaş aýdymçylaryň mukaddes borjudyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrunda yglan edilen bäsleşikleriň jemleriniň jemlenmegi baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär. Bu bäsleşikler döredijilik we sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanýan ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy, olaryň höweslendirilmegi, ussatlyk ýoluna gadam basmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. Şolaryň hatarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň hatarynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinden döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet ulgamynyň, beýleki pudaklaryň işgärleri bar. Bäsleşigiň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň dowamynda iň mynasyp wekiller saýlanyldy. Onuň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji tapgyra çykan aýdymçylara bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalga bolan bolsa, tomaşaçylar üçin ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň hersinden ýaş zehinleriň 2-si jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Netijede, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda iň ökde ýaş aýdymçylaryň 14-si bäsleşdi. Olar nusgawy, halk hem-de döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy-da göz öňünde tutuldy. Şanly sene mynasybetli bäsleşigiň jemleýji tapgyryna we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Garaşsyzlyk şanyna ýaňlan, ýaňlan, Diýarym!» atly aýdymy konsertiň joşgunly başlanmagyna itergi berip, döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly senasyna öwrüldi. Olaryň arasynda eýýäm aýdymlary söýlüp diňlenilýän belli aýdymçylar hem bar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny aýratyn ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

No image
TEATR BÄSLEŞIGI ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI

Teatr we kino dünýäsi

11.09.2026

Şu günler eziz Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy giň gerimde toýlanylýar. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamy hem mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri, döredijilik sowgatlary bilen geldi. Täze döredilýän döredijilik eserleri halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň arasynda bäsleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda «Garaşsyzlyk — ganatym, Watanym — seždegähim» atly teatr bäsleşiginiň üstünlikli geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/yrjtjuuuuuuuuuuuuuuu.jpg) Sahna oýunlarynda ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylýan ösüşler, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda kemala gelen däp-dessurlary, watansöýüjilik, merdanalyk, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetleri ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Bu eserleriň ýaşlarymyzy parasatly pederlerimiziň ruhlaryna ygrarly, watanperwer nesil edip terbiýelemekde, teatrlarda goýulýan oýunlaryň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen tomaşaçylarynyň ruhy isleglerini kanagatlandyrmakda, teatr işgärlerini täze döredijilik üstünliklerine höweslendirmekde aýratyn orny eýelejekdigine ynanýarys. Teatr bäsleşigi 2026-njy ýylyň 26-njy awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda geçirildi. Teatr bäsleşigi özboluşly sungat baýramyna öwrüldi. Halypa režissýorlardan, tejribeli artistlerden hem-de ussat mugallym-professorlardan düzülen eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, teatr bäsleşiginiň baş baýragyna «Halk hakydasy» atly sahna oýny üçin Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry (režissýory Handurdy Berdiýew), I orna - «Agzybirlik rowaýaty» atly sahna oýny üçin Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry (režissýory Serdar Ataýew), II orna - «Howandar» atly sahna oýny üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry (režissýory Eziz Işangulyýew), III orna - «Türkmen soltany» atly sahna oýny üçin Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry (režissýory Ata Gullarow) hem-de «Eşit meni!» atly sahna oýny üçin A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry (režissýory Baýram Garajaýew) mynasyp boldy. Bäsleşikde sahna ussatlygynyň dürli ugurlary boýunça hem baýraklar goýuldy. «Iň oňat saz bezegi üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry (baş ýolbaşçysy Myrat Aradow), Ýaş režissýoryň iň oňat işi üçin» atly ýörite baýraga Türkmen döwlet gurjak teatrynyň režissýory Batyr Gurbanow, «Režissýoryň täze gözlegleri üçin» atly ýörite baýraga Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň režissýory Döwran Joraýew, «Sahnada milli däp-dessurlary wagyz edýändigi üçin» atly ýörite baýraga Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry (baş ýolbaşçysy Orazmeňli Igdirow), «Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowa, «Iň oňat sahna eseri üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň edebiýat-dramaturgiýa bölüminiň ýolbaşçysy Gadam Kakabaýew, «Iň oňat sahna eseri üçin» atly ýörite baýraga Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň II derejeli artisti, dramaturg Abdylazym Rejebow, «Suratkeşiň iň oňat işi üçin» atly ýörite baýraga Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň suratkeşi Merdan Akmämmedow, «Kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin» atly ýörite baýragy Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Oguljan Bekiýewa, «Iň ýaş zehin üçin» atly ýörite baýraga Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Begli Dowlyýew mynasyp boldy. Teatr bäsleşiginde aýratyn tapawutlanyp çykyş edendigi üçin artistleriň birnäçesi sylaglandy. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti Kakamyrat Bazarow, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Baýramtäç Hojamämmedowa, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Mariýa Durdyýewa, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussady Zyýada Kakalyýewa, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Nurýagdy Döwletow, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Gerçek Orazmuhammedow Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlaryna hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlaryna mynasyp boldular. Ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi babatda taýsyz tagallalary üçin, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
GARAŞSYZLYGY WASP EDÝÄN TÄZE SAHNA ESERLERI

Teatr we kino dünýäsi

11.09.2026

Bagtyýar watandaşlarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Garaşsyzlygymyz – barlygymyz». Şu jähetden, Garaşsyzlyk – biziň eziz Watanymyza söýgimizi we sarpamyzy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan, halkymyzyň berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, özbaşdaklyk, hemişelik Bitaraplyk barada telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolan mukaddes gymmatlygymyzdyr. Pederlerimiziň toý-baýrama sowgatly-serpaýly barmak asylly däbine eýerip, ýurdumyzyň teatrlary hem sirkleri şanly baýramymyza täze sahna eserleri bilen geldiler. Baş baýramymyzyň toýy giňden dabaralanýan aýyň 11,12,13-inde ýurdumyzyň ähli teatrlarynda hem-de sirklerinde täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri guralýar. Sahna oýunlarynda hem-de sirk tomaşalarynda mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik zähmet üstünlikleri hem-de syýasy, durmuş we jemgyýetçilik durmuşynyň şanly wakalary, türkmen halkynyň beýik gahrymançylygy, watansöýüjilik, şöhratly pederlerimiziň hem-de belli şahsyýetleriň döredijilik we ömür ýollary wasp edilýär. Gazna tarapyndan hemaýat ýetirilen çagalaryň ene-atalarynyň, hossarlarynyň, tutuş halkymyzyň, dünýä halklarynyň alkyşy çäksizdir. Şu jähetden, «Howandar» sahna eseri ynsan ömrüni iň gymmatly baýlyk hasaplaýan lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sogap işlerine halkymyzyň senasy, haýyr işleriniň çeper hekaýatydyr. Bu eser garagöz çagajyklaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” atly kitabynyň esasynda döredilen «Jennet mukamy» atly aýdym-sazly sahna eserini taýýarlady. Eser halkymyzyň milli guwanjy bolan dutara hem türkmen halysyna bagyşlanandyr. Sahnada taryhda «Beýik Ýüpek ýolunyň» ugry bilen milli baýlyklarymyzyň çawunyň dünýä ýaýraýşy halyçy gyzyň hem-de dutarçy ýigidiň päk söýgüsi hem-de wepalylygy baradaky rowaýatyň üsti bilen giňden dabaralandyrylýar. Alp Arslan adyndaky milli drama teatry mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli sahnalaşdyran spektakly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bina edilen gözel Aşgabat şäheriniň waspyny ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň kämil köňlüniň kelamy «Ak şäherim Aşgabat» kitabyndan ruhlanylyp döredilen bu täze eserde Aşgabat ýer titremesiniň pajygaly wakalaryndan soňra merdana halkymyzyň Watanymyzyň ýüregini bolan paýtagtymyzy dikeltmek, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek babatda zähmet gahrymançylygy täsirli durmuş wakalarynyň üsti bilen çeper beýan edilýär. Onda halkymyzyň dogumlylygy, gaýratlylygy, wepalylylygy, birek-birege mähribanlygy sahna sungatynyň dili bilen dabaralandyrylýar. Türkmen döwlet gurjak teatry körpe tomaşaçylaryny «Dostluk mukamy» atly sahna oýny bilen begendirýär. Sahnada çykyş edýän erteki gahrymanlary aýdym-sazly, şowhunly çykyşlar bilen ýaşajyk tomaşaçylara ýene bir ýola, birek-birek bilen agzybirlikde ýaşamaklygyň, birek-biregi goldamaklygyň, mähirli gatnaşyklaryň ýaşaýyş üçin zerur zatlardygyny ündew edýär. Umuman, bu sahna eseri tokaýdaky wakalar hem türkmen tebigatynyň täsin jandarlarynyň şowhunly çykyşlaryndan ybarat bolup durýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/4896467987879798798.jpg) Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatry bagtyýar ýaşlarymyzyň ykbalyndan söz açýan sahna oýny bilen tomaşaçylary begendirýär. Pýesa Gahryman Arkadagymyzyň «Atda Wepa-da bar sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary esasynda çeperleşdirilip ýazylan eser. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry M.Kazakowanyň «Eşit meni» atly sahna eseri bilen tomaşaçylara gapylaryny giňden açar. Sahnada Aýperi atly ýaş gyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda öz saýlan dizaýnerlik hünäri boýunça ýokary bilim alyp, söýgüli hünäriniň inçe syrlaryny öwrenişi, ökde hünärmen bolup ýetişip Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin çekýän päk zähmeti ýaýbaňlandyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Agzybirlik rowaýaty» atly dramasy eserini sahnalaşdyrdy. Bu eser Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyndan ylhamlanyp döredildi. Sahnada agzybirligiň güýjüniň ähli ösüşleriň hem-de parahat ýaşaýşyň girewidigi dabaralandyrylýar. Bu eserde ykbal ýollary Polady galada Pugta atly gyz bilen duşurýar. Olaryň mukaddes söýgüsi bagtly durmuşa ýetirýär. Mahlasy bu spektaklda gyzykly wakalaryň üsti bilen pelsepewi ýörelgä daýanýan parasatly halkymyzyň watansöýüjilik hem-de parahatçylyk ideýalary giňden wasp edilýär. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry şanly baýramçylygymyz mynasybetli «Mukaddesdir bu Watan» atly sahna oýnynyň ilkinji görkezilişini guraýar. Sahna oýnunyň mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeltýär” kitabyndaky Watan mukaddesligi baradaky aýdan pähim-parasatly öwüt-ündewleri öz beýanyny tapýar. Onda Gorkut atanyň ýaş Watançy ýigitlere sargydy esasynda «Gorkut ata» eposynyň «Bekel ogly Ymran» boýundaky wakalar sahnada janlanýar. Oguz döwletiniň serhedini sak goraýan watançy ýigit Bekeliň gahrymançylygy mynasybetli Oguz iliniň toý tutup, muňa-da Gorkut ata gelip, bu «Oguznamany» aýtmagy bilen utgaşýar. Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky sazly drama teatry belli şahyr hem dramturg N.Rejebowyň «Döwletli döwran geldi» atly pýesasy esasynda sahna oýnunyň ilkinji görkezilişini tomaşaçylara hödürleýär. Dramada ýaş nesilleriň päk söýgüsini hem-de döwürleriň arasazlaşygy açyp görkezýär. Wakalar dost-doganlyk kenaryna öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň täsin tebigy gözelligi we häzirkizaman ösüşleri bilen utgaşýar. Deňze dynç almaga baran Gummandyr Dilber, Ojardyr Göwher ýaly ýaşlar hut şu ajaýyp künjekde biri-birine duşup, bagtyny tapýarlar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň belent ösüşlerini, ýaş juwanlaryň yşky duýgularyny beýan edýän bu oýun aýdym-sazlar bilen bezelen liriki tomaşadyr. Eseriň dowamynda durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlaryň arassa duýgulary gyzykly wakalaryň üsti bilen görkezilýär. Oýun adaty durmuş çäklerinden çykyp, döwlet syýasatynyň her bir ynsana, her bir ojaga berýän bimöçber aladasyny simwoliki dilde wasp edýär. Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan dramaturg G.Daňatarowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Oguz ýigidi» atly sahna oýnunda Gorkut ata eposynyň Däli Garçar boýundaky gyzykly wakalar janlandyrylýar. Bu eserde çaga terbiýesi, türkmen gelin-gyzlaryň päk ahlaklylygy, asylly edep-ekram ýörelgeleri giňden ündelýär. Eseriň gahrymany Tulpar gyzyň öz öýündäki tekepbirligi gaýyn öýüne baryp, Oguz ýigidiň terbiýesini görenden soňra tutanýerlilige, başarjaňlyga, pespällige, maşgala bolan söýgä öwrülýär. Bu sahna eserinde „Balam eziz, edebi ondanam eziz“ diýen türkmen nakylynyň çuň manysynyň bardygy ýaýbaňlandyrylýar. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry «Türkmen soltany – Jelaleddin” atly sahna oýnynyň ilkinji görkezilişini guraýar. Sahnada keşbi janlandyrylýan Jelaleddin soltanyň edermenligi türkmen halkynyň uzak geçmişindäki watanperwerli taryhy wakalary bilen utgaşýar. Belli türkmen taryhçysy An Nesewiniň taryhy ýazgylary esasynda döredilen bu eserde halkymyzyň gahrymançylygy giňden dabaralanýar. Sahna eseri Jelaleddiniň Watan, halkyň jebisligi, bir bitewiligi, hakyndaky pikirleri «Watan gurulýandyr ata-baba yhlasyndan, Watan gurulýandyr halkyň beýik ykraryndan» diýlip tamamlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sirklerinde täze tomaşalar taýýarlanyp sirk täsinliklerini söýüjileri begendirýär. Türkmenistanyň döwlet sirkinde «Behişti bedewler – şöhrat-şanymyz», sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bolsa «Galkynyşyň röwşeni siz, ýelden ýyndam bedewler» atly ýörite sirk tomaşasy bilen sungat täsinliklerini söýýän muşdaklaryna hyzmat eder. Mundan başga-da, teatrlaryň hem-de sirkleriň ajaýyp sahnalarynda ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlanar. Wäşileriň baýramçylyk gutlaglary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar. Ýurdumyzyň teatrlary we sirkleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, belli şahsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoluny wagyz edýän sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri bilen tomaşaçylary begendirer. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza teatr we sirk sungatynyň işgärleri milli sungatymyzy ösdürmek hem-de dünýäde ýaýmak üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri, goldaw-hemaýatlary üçin soňsuz alkyşlar aýdýarlar. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
Mukaddes Garaşsyzlyk - asyrlaryň hasyl bolan arzuwy

Kitaphanalar

11.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Mukaddes Garaşsyzlyk - asyrlaryň hasyl bolan arzuwy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralara beslenip, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň taryhy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam goýýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ösüşi we Watanymyzyň halkara giňişligindäki belent abraýy, hut asyrlarboýy kemala gelen milli gymmatlyklarymyza ygrarlylygyň netijesinde gazanylýan üstünlikleriň beýanydygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Asylly ýol ýörelgeler

Kitaphanalar

11.09.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy şeýle-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramasynyň gatnaşmagynda hem-de “Altyn asyr” teleýaýlymynyň gatnaşmagynda “Asylly ýol ýörelgeler” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ynsanyň durmuş ýoluny ýagtyltýan, kalbyny nurlandyrýan, döwletli röwşen ertirlere atarýan ylymdyr. Haýsy döwletde ýaşlara üns alada bilen gurşalýan, ylma sarpa goýulýan bolsa, onda şol ýurt diňe ösmek bilen, özgermek bilen bolýandyr. Sebäbi ýurduň geljegi şu günki ýaş nesillere goýulýan maýa goýuma, döredilýän mümkinçiliklere bagly bolup durýar diýip bellenip geçildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi şeýle bagtyýar durmuşda zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Garaşsyz Watanym – jennet mekanym

Kitaphanalar

11.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 37-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz Watanym – jennet mekanym» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belentden tutulýan toý-baýramlaryň bagtyýarlygyň, agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň aýdyň nyşanyna öwrülendigi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýandygy hakynda buýsanç bilen gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Maslahat geçirildi

Kitaphanalar

10.09.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti hakynda “Halk Maslahaty- beýik maksatlaryň rowaçlanmagy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler, halk bähbitli çözgütler, döwletli tutumlar, anyk maksatlar, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri, türkmen halkynyň gadymy ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar “Bagtyň binýady, rowaçlygyň çyragy” atly kitap sergisine syn etdiler. Işlemäge, okamaga döredip berýän giň şertleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
HALK BAGTYÝAR – DÖWLET BERKARAR

Muzeýler

10.09.2026

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Döwlet we halk agzybirligi: Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň il sylagly ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hünärmenler we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşyp, döwlet we halk agzybirliginiň ýurduň ösüşine berýän goşantlary barada öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Maslahatyň esasy maksady ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Halk Maslahatynyň tutýan orny we döwlet bilen halkyň agzybirliginiň ähmiýetini wagyz etmäge gönükdirildi. Onda täsirli çykyşlar guralyp, Halk Maslahatynyň kararlarynyň halkyň isleg-arzuwlaryna we millilige esaslanýandygy, döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde jemgyýetiň agzybirliginiň uly ähmiýetiniň bargydy bellenip geçildi. Muzeýde geçirilen bu maslahatda Türkmenistanyň döwletlilik däpleriniň baý taryhy we täze gurlan «akylly» Arkadag şäheriniň ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Döwlet bilen halkyň agzybirligi, özara ynamy we agzybirlikde işlemegi milli ösüşiň, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň düýp binýadydyr. Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Halk Maslahaty adalatlylygy, halk häkimiýetliligini we milli demokratik ýörelgeleri dabaralandyrýan iň ýokary wekilçilikli guramadyr. Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelen maslahatlaşmak, geňeşmek we bilelikde çözgüt kabul etmek ýaly köne we asylly ýörelgelerini häzirki zaman döwlet gurluşy bilen sazlaşdyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we dürli käriň eýelerinden bolan wekiller bu mejlislere gatnaşyp, döwlet we jemgyýet üçin möhüm meseleleri açyk we demokratik esasynda maslahatlaşýarlar. Raýatlaryň döwlet dolandyryşyna gönüden-göni gatnaşmagyna mümkinçilik döredilip, halkyň isleg-arzuwlary milli maksatnamalara girizilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sungat we beýleki ugurlary ösdürmek, sanly ulgamy girizmek we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wajyp çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyny goldamak we milli bähbitleri dünýä derejesinde goramak boýunça netijeli kararlar berilýär. Halk Maslahaty ýaş nesli watançylyk, arassa ahlaklylyk we ylym-bilim ruhunda terbiýelemek meselelerine hem aýratyn üns berýär. Ýaşlaryň döwlet syýasatyndaky we jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny artdyrmak, olaryň döredijilik we ylmy ukyp-başarnyklaryny goldamak meselesine hem Maslahatda uly orun berilýär. Halk Maslahaty — Türkmenistanda agzybirligiň, köpýyllyk adalatly maslahatlaşmak däpleriniň we häzirki zaman ösüşiniň sazlaşykly birleşmesidir. Ol döwlet bilen halkyň arasyndaky berk köpri bolup, ýurdumyzyň durnukly gülleýşine hem-de halkymyzyň bagtyýar geljegine hyzmat edýär. Maslahata gatnaşan myhmanlar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanýan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden şeýle hem sowgatlyklardan gurnalan sergini synladylar. Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi. Baýmyrat Baýmyradow, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.

No image
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz, myrada ýetirjek bedew atymyz

Kitaphanalar

10.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz, myrada ýetirjek bedew atymyz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Garaşsyzlyk – biziň kalbymyzyň buýsanjy, halkymyzyň iň beýik gymmatlygy we mertebesi bolup, ol ýurdumyzyň ösüş depgini abadan durmuşynyň kepiline öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplaryny okanymyzda bedewler hakynda baý taryhy maglumatlary açyp görkezýändigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Sesli okaýyş çäresi

Kitaphanalar

10.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda, «Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň goşgulary» esasynda kitaphanada sesli okaýyş çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, Garaşsyz Watanymyzda, bagtyýar zamanamyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyrlary Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň kalplara rahatlyk berýän eserleri, Watana, il-güne, gözellige bolan söýgüni joşdurýan kitaplary biziň geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde uly gollanma bolup hyzmat edýändigi barada bellediler. Şeýle-de şahyrlaryň watançylyk, ynsanperwerlik, söýgi we ahlak baradaky eserlerinden birnäçesi okaldy.