logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.
Türkmen sazandalary Sinandali festiwalyna gatnaşdylar

Halkara gatnaşyklary

03.10.2026

2026-njy ýylyň 16-njy awgusty-13-nji sentýabry aralygynda Gruziýada Sinandali festiwaly geçirildi. Bu festiwal Kawkaz ýurtlaryndan we goňşy döwletlerden ýaş sazandalary bir ýere jemläp,olara dünýä derejesinde tanalýan meşhur artistler, dirižýorlar we mugallymlar bilen bilelikde işlemek mümkinçiligini berýär. Festiwalyň esasy bilim beriji platformalarynyň biri bolan Pan-Caucasian Youth Orchestranyň düzümindeTürkmenistanyň ýaş sazandalary hem çykyş etdiler. Şu ýyl bu festiwalda Türkmenistandan bäş ýaş sazanda, Selbinýaz Mulkamanowa (skripka), Seýran Atanýazow (skripka), Aýlar Annamyradowa (wiollonçell), Döwran Gylyjow (trombon) we Ysmaýyl Sähetmyradow (kontrabas) gatnaşdy. Festiwalyň ilkinji gününde ähli ýaş sazandalar üçin janly bäsleşik görnüşindäki diňlenişik geçirildi. Şol diňlenişigiň netijelerine görä, sazandalaryň orkestrdäki orunlary we toparlaryň içindäki ýerleşişleri kesgitlenildi. Şeýlelikde, her bir ýaş sazandanyň ornuny saýlamak onuň ýerine ýetirijilik derejesine we diňlenişikdäki netijesine esaslandy. Olaryň her biri üçin bu festiwala gatnaşmak diňe bir halkara sahnasynda çykyş etmek mümkinçiligi bolman, eýsem, hünär taýdan ösüşiň we sazçylyk biliminiň möhüm bölegine öwrüldi. Birnäçe hepdäniň dowamynda sazandalar intensiw taýýarlyk işlerini, şahsy we toparlaýyn sapaklary, orkestr taýýarlyklaryny hem-de dünýäniň öňdebaryjy orkestrlerinde işleýän tejribeli sazandalaryň ussatlyk sapaklaryny geçdiler. Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda Selbi Mülkamanowanyň üstünligi aýratyn bellärliklidir. Ol meşhur dirižýor Rafael Payareniň ýolbaşçylygynda ilkinji skripkalar toparynyň konsertmeýsteri hökmünde çykyş etdi. Bu wezipe ýaş sazanda üçin uly jogapkärçiligi talap edýär we onuň professional taýýarlygynyň möhüm görkezijileriniň biridir. Pan-Caucasian Youth Orchestranyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ýaş sazandalaryň ilki bilen dünýä derejesindäki orkestr sazandalary bilen işleşip, soňra bolsa professional simfoniki orkestriň şertlerinde sahna çykmagydyr. Türkmen ýaş sazandalary konsertlere belli mugallymlaryň we professional orkestr sazandalarynyň ýolbaşçylygynda taýýarlyk gördiler. Şol halypalaryň biri Anton Sorokow bolup, ol Wenanyň Simfoniki orkestriniň konsertmeýsteri we Wenanyň saz we ýerine ýetiriş sungaty uniwersitetiniň professorydyr. Ol köp ýyllardan bäri mugallymçylyk işi bilen hem meşgullanýar we dürli halkara ussatlyk sapaklaryny geçirýär. Taýýarlygyň möhüm bölekleriniň biri hem, Ýewropanyň professional orkestrlerinde uly tejribe toplan Kirill Terentýew bilen geçirilen sapaklar boldy. Şeýle sapaklar ýaş skripkaçylara diňe bir ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge däl, eýsem, konsertmeýsteriň we orkestr sazandasynyň hünär aýratynlyklaryna has çuň düşünmäge mümkinçilik berýär. Violonçel boýunça ussatlyk sapaklary italiýaly sazanda Amedeo Cicchese tarapyndan geçirildi. Häzirki wagtda ol Rimdäki Accademia Nazionale di Santa Cecilia akademiýasynyň wiolonçel toparynyň solistidir. Kontrabasçy Ysmaýyl Sähetmyradow üçin bolsa Brendan Kane bilen geçirilen sapaklar aýratyn ähmiýete eýe boldy. Brendan Kane Nýu-Ýork şäherindäki Metropolitan Opera Orchestranyň kontrabasçysydyr. Şeýlelikde, ýaş türkmen sazandalary öz hünärlerinde dünýä derejesindäki orkestrlerde işleýän, uly sahna tejribesine eýe bolan ussatlardan bilim almak mümkinçiligine eýe boldular. Festiwalyň dowamynda dünýäniň nusgawy saz sungatynyň iň iri eserleri ýerine ýetirildi. Orkestriň üstünde işlän eserleriniň arasynda Karol Şimanowskiniň 1-nji Skripka konserti, Nikolay Rimskiý-Korsakowyň «Şeherazada» eseri, Lýudwig van Bethoweniň Skripka konserti, Modest Musorgskiniň Morys Raweliň orkestrleşdirmesindäki «Sergiden suratlar» eseri, Gustaw Maleriň 2-nji simfoniýasy, Riçard Ştrausyň «Der Rosenkavalier» suiti we Morys Raweliň «La Valse» eseri bardy. Şeýle giň we çylşyrymly repertuary taýýarlamak ýaş sazandadan ýokary tehniki ussatlygy, sazçylyk tertibini we dirižýoryň hem-de orkestriň umumy talaplaryna çalt uýgunlaşmak ukybyny talap edýär. Festiwalyň iň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem dünýä derejesinde tanalýan dirižýorlar we solistler bilen bilelikde işlemek mümkinçiligi boldy. Festiwalyň maksatnamasynda Gianandrea Noseda, Rafael Payare, Nikolaj Szeps-Znaider, Pinchas Zukerman we Lisa Batiashvili ýaly dünýä belli sungat işgärleri çykyş etdiler. 3-nji sentýabrda Gianandrea Nosedanyň ýolbaşçylygynda orkestr Lisa Batiashvili bilen bilelikde Şimanowskiniň 1-nji Skripka konserti, şeýle hem Rimskiý-Korsakowyň «Şeherazada» eseri ýerine ýetirildi. 6-njy sentýabrda sazandalar Gianandrea Nosedanyň ýolbaşçylygynda meşhur skripkaçy Pinchas Zukerman bilen bilelikde Bethoweniň Skripka konsertini we Musorgskiniň–Raweliň «Sergiden suratlar» eserini ýerine ýetirdiler. 9-njy sentýabrda festiwalyň maksatnamasynda Gustaw Maleriň 2-nji simfoniýasy Rafael Payareniň ýolbaşçylygynda ýaňlandy. Festiwalyň 13-nji sentýabrdaky jemleýji konsertinde bolsa Nikolaj Szeps-Znaideriň ýolbaşçylygynda Riçard Ştrausyň «Der Rosenkavalier» suite we Morys Raweliň «La Valse» eseri ýerine ýetirildi. Sinandali festiwaly ýaş türkmen sazandalaryna dürli ýurtlardan gelen ýaş ýerine ýetirijiler bilen bir professional gurşawda işleşmäge, tejribe alyşmaga we dünýäniň meşhur ussatlaryndan bilim almaga mümkinçilik berdi. Festiwalyň aýratyn gymmatly taraplarynyň biri hem, bilim beriş maksatnamasynyň göni konsert tejribesi bilen utgaşmagydyr. Taýýarlyklardan we ussatlyk sapaklaryndan soň ýaş sazandalar uly sahna çykyp, dünýä derejesindäki sungat işgärleri bilen bilelikde çylşyrymly simfoniki eserleri ýerine ýetirdiler. Şeýle meşhur dirižýorlar, solistler we mugallymlar bilen işleşmek ýaş sazandalaryň sazçylyk dünýägaraýşyny giňeltmäge, ýerine ýetirijilik derejesini ýokarlandyrmaga we orkestr sazandasy hünärine täzeçe garamaga ýardam berýär.

Medeni mirasymyz halkara giňişliginde

Halkara gatnaşyklary

26.09.2026

ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebit edarasynyň, Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde maddy däl medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara okuw merkeziniň (CRIHAP) bilen bilelikde gurnamagynda, 2026-njy ýylyň 8-10-njy sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Merkezi Aziýa sebitinde maddy däl medeni mirasy goramakda muzeýleriň orny boýunça okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Gazagystandan gelen öňdebaryjy muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre, Merkezi Aziýa halklarynyň asyrlar boýy kemala gelen däp-dessurlaryny, halk döredijiligini, senetçiligini, saz we ýerine ýetirijilik sungatyny geljekki nesillere ýetirmekde muzeýleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň döwrebap usullaryny öwrenmäge gönükdirildi. Maslahatyň işine gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar. Horwatiýaly kulturolog, antropolog we maddy däl medeni miras boýunça halkara hünärmen, doktor (Dr.sc.) Tamara Nikolić Đerić tarapyndan geçirilen okuw-amaly maslahatynyň barşynda ÝUNESKO-nyň 1972, 2003 we 2005-nji ýyllardaky Konwensiýalarynyň deňeşdirilmesi, maddy we maddy däl medeni mirasyň özara baglanyşygyna seredildi. Şeýle hem, halkara syýasatyndaky täze özgerişler, ýagny medeniýet pudagyndaky hukuklar, sanly sowatlylyk, durnuklylyk hem-de muzeý pudagynda täze hünär başarnyklaryny özleşdirmek barada amaly mysallar arkaly tanyşdyryşlar geçirildi. Söhbetdeşliklerde muzeýleriň diňe bir eksponatlary saklaýan mekan bolman, eýsem, degişli jemgyýetçilikler bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan medeni merkeze öwrülmelidigi bellenildi. Maslahatyň çäginde gatnaşyjylar halkyň dilden dile geçirilen mirasyny, aýdym-sazlaryny, senedini we milli oýunlaryny muzeý gaznalarynda sanly ulgam arkaly goramak, däp bolan milli sungaty köpçülige (master-klasslar arkaly) ýetirmek, inwentarizasiýa we gözleg işlerini geçirmek ýaly amaly ädimleri kesgitlediler. Çärä gatnaşyjylar 3 topara bölünip, maddy däl medeni mirasy goramak boýunça meýilnamalary düzmek, goraglylyk derejesine baha bermek, serişdeleri çekmek strategiýalaryny we monitoring amallaryny taýýarlamak boýunça amaly ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Bu sebitleýin seminar-trening Merkezi Aziýa halklarynyň medeni gymmatlyklaryny bilelikde öwrenmäge, muzeý işgärleriniň halkara derejedäki amaly tejribesini içgin ösdürmäge hem-de medeni mirasymyzy halkara giňişliginde giňden tanatmaga uly goşant goşdy. Käkilik Öwezberdiýewa, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary.

«KURULTAI 2026» HALKARA MASLAHATY

Halkara gatnaşyklary

25.09.2026

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Buharest şäherinde (Rumyniýa) Rumyniýanyň ÝUNESKO baradaky Milli komissiýasynyň binasynda hem-de onlaýn görnüşde «KURULTAI 2026» halkara maslahaty geçirildi. Çäre gibrid görnüşde guraldy, çykyşlar iňlis we rumyn dillerinde alnyp baryldy. Çäriniň açylyşynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň düzümindäki Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Milli komissiýanyň başlygy Ioana Baskerwille, Tatar Demokratik Bileleşiginiň başlygy Naim Belgin we Rumyniýanyň ÝUNESKO baradaky Milli komissiýasynyň medeniýet boýunça hünärmeni Kodrin Taut söz aldylar. Ýurdumyzdan maslahatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligiň hünärmeni Güljan Igdirowa «Türkmenistanda maddy däl medeni mirasy goramak» (“Safeguarding Intangible Cultural Heritage in Turkmenistan”) temasy boýunça çykyş edip, müdirligiň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Öz çykyşynda ol ýurtda maddy däl medeni mirasy goramagyň hukuk esasy (milli maddy däl medeni mirasy goramak baradaky kanunlar), ekspedisiýalar, taýarlanan gollanmalary we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk ugurlary beýan edildi. Türkmenistan bilen bir hatarda dürli ýurtlaryň we guramalaryň wekilleri çykyş edip, dürli temalar boýunça öz işlerini tanyşdyrdylar. Adem Kaýa ABŞ-da sport we milli oýunlaryň jemgyýetleri nähili özgerdýändigi barada, olaryň taryhy köklerinden başlap, häzirki döwürdäki ähmiýetine çenli gürrüň berdi. Meksikadan Arturo Sançez “Ulama” oýnunyň dikeldilişini gürrüň berip, bu oýnuň ýaş nesle nähili geçirilýändigini gyzykly mysallar bilen düşündirdi. Debora Baržu “Gorkut ata” mirasy türki halklaryň milli özboluşlylygyny beýan etmekdäki ähmiýetini nygtady. Şeýle hem beýleki gatnaşyjylaryň çykyşlary gyzykly we many-mazmunly boldy. «KURULTAI 2026» halkara okuw maslahatyna gatnaşmak Türkmenistanda maddy däl medeni mirasy goramak boýunça alnyp barylýan işleri halkara hünärmenlerine tanyşdyrmaga we dürli ýurtlaryň tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Güljan Igdirowa Maddy däl medeni miras müdirligi

UZEÝIR GAJYBEKOWYŇ HALKARA FESTIWALY

Halkara gatnaşyklary

25.09.2026

Ýaňy ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde meşhur azerbaýjan kompozitory Uzeýir Gajybekowyň XVIII halkara festiwaly geçirildi. Bu ýyl saz festiwalynyň maksatnamasy Nyzamy Genjewiniň 885 ýyllygyna, Alyşir Nowaýynyň 585 ýyllygyna, şeýle-de Birinji Türkologik Kongresiň 100 ýyllygyna bagyşlanýardy. Festiwalyň maksatnamasy dürli duşuşyklary, ylmy pikir alyşmalary we sazly çäreleri öz içine aldy. Üç günüň dowamynda birnäçe sergiler, tegelek stollar, şeýle hem simfoniki, kamera we milli sazlarynyň konsertleri geçirildi. Kongresiň esasy netijeleriniň biri Türki dünýäsiniň kompozitorlar bileleşiginiň (TUC) döredilmegi boldy. Dabara gatnaşan Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Özbegistandan hem-de Wengriýadan gelen saz dünýäsiniň tanymal wekiller festiwalyň birinji gününde Uzeýir Gajybekowyň ýadygärliginde gül goýluş dabarasyna gatnaşdylar. Soňra Azerbaýjan döwlet akademiki filarmoniýasynda halkara saz festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Konsertde Uzeyir Gajybekow adyndaky Azerbaýjan döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirilmeginde türki dünýäsi kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Festiwalyň ikinji güni Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň merkezi edarasynda Türki dünýäsi kompozitorlar bileleşiginiň ilkinji resmi duşuşygy geçirildi, şeýle hem täze halkara professional platformasynyň Düzgünnamasynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşyldy. Çäräniň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Murad Hüseýinow, Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň prezidenti Aktoty Raimkulowa, Azerbaýjan kompozitorlar bileleşiginiň başlygy Frangiz Alizade hem-de türki dünýäsiniň beýleki kompozitorlarynyň çykyşynda döwrebap kompozitorcylyk mekdeplerini goldamak, döredijilik alyş-çalşygyny ösdürmek we türki dünýäsi sazyny halkara derejesinde wagyz etmek ýaly meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy. Halkara saz festiwalynyň üçünji güni Türki dünýäsiniň kompozitorlaryň we sazşynaslaryň arasynda “Türki halklaryň kompozitorçylyk mekdepleriniň döremegi we ösüşi: medeni özboluşlylygyň gözleginde” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda medeni gymmatlyklaryň we saz mirasynyň bilelikdäki döredijiligi üçin giň mümkinçilikleriň döredýändigi bellenildi we türki dünýäsiniň umumy medeni mirasy hökmünde görkezmegiň möhümdigi nygtaldy. Bakuda geçirilen Türki dünýäsiniň kompozitorlarynyň birinji kongresi we Türki kompozitorlar bileleşiginiň döredilmegi türki dünýäsinde saz diplomatiýasynyň taryhynda täze sahypa açýar. Bakuda Türki dünýäsiniň kompozitorlarynyň birinji kongresiniň döredilmegi çuňňur simwoliki many-mazmuna eýedir. Birinji kongres uzak möhletli halkara maksatnamasynyň başlangyjyny alamatlandyrýar. Türki dünýäsi kompozitorlarynyň Birinji gurultaýyna ýurdumyzdan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Röwşen Nepesow hem-de sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa gatnaşdy.

Ajaýyp toý tutduk älem galdy haýrana

Halkara gatnaşyklary

09.09.2026

2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty taryhy wakalara beslenip üstünlikli geçirildi. Bu iri çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy örän buýsançlydyr. Atly sport boýunça Ýer ýüzüniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hasaplanýan Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň ata Watanynyň guran toýunda türkmen aýdym-sazlary belentden ýaňlanyp, milli tanslarymyz sazlaşykly, owadan görnüşlerde ýerine ýetirildi. Ýewropada şeýle halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede geçirmek babatda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň goldaw-tagallalary çäksiz uludyr. Bu ýere dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlar türkmen halkynyň bedew bady bilen myradyna ýetýändigine — bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna, deňsiz-taýsyz üstünlikleri gazanýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, dost-doganlygy ilerledýändigine ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdiler. Ahalteke bedewiniň toýy Ýewropanyň ýüreginde ebedilik yz goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň Kronenbergdäki dabaralara gatnaşmagy, medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etmegi ýatdan çykmajak täsirlere beslendi. Ahalteke bedewleriniň Ýewropada tutulan giň gerimli toýy türkmen sungatyny Günbatarda belentden dabaralandyrdy. «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda atçylygyň, sportuň, ylmyň hem medeniýetiň umumy sazlaşygy ajaýyplygy hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Myhmanlar halkymyzyň milli aýdym-sazlaryna, lybaslaryna, däp-dessurlaryna, dokmaçylyk, senetçilik önümlerine, türkmeniň ak öýi bezemek dessuryna, gelin-gyzlaryň üme etmek däbine çeper täsinlikler hökmünde baha berdiler. Dünýäniň dürli künjeginden suratkeşler, heýkeltaraşlar, zergärler, halyçylar, fotosuratçylar ahalteke bedewlerini wasp edýän eserleri bilen Kronenbergde geçirilen döredijilik bäsleşiginiň sungat döwresini bezediler. Bu eserlerde gadymy eýýamlarda «asman atlary» diýlip atlandyrylan behişdi bedewleriň gözelligi, ýyndamlygy, adamzat siwilizasiýasyndaky taryhy, medeni orny giňden öz beýanyny tapdy. Türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda bedewler naýbaşy gözelligiň hem-de tebigy sazlaşygyň nusgasydyr. «Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşigiň mysalynda-da ahalteke bedewleriniň taryhy-medeni gymmatlyk hökmünde egsilmez ylham çeşmesidigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny ýene bir gezek belende göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly baýragy we degişli Kubok bilen sylaglanmagy örän buýsançly wakadyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli atçylyk däplerimizi ilerletmekdäki uly tagallalarynyň barha rowaçlanýandygy biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/9999999999999999999999999999999.jpg) Bäsleşigiň ýeňijilerine mynasyp bolan baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli, medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Konserte Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Konsertiň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary ahalteke atlarynyň şanyna guralan giň gerimli çäreleriň ajaýyp dowamy boldy. Konsertiň maksatnamasy häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungaty bilen dünýä halklarynyň sungatynyň arasynda ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Hemmeleriň göwnüni joşa getirýän “Küştdepdi” dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Rowaç» we «Arzuw» atly aýdymlar asylly arzuwlaryň we maksatlaryň hemişe rowaç tapýandygynyň owazy bolup ýaňlandy. Aýdymlaryň ýakymly owazy bilen ahalteke bedewiniň sahnadaky sazlaşykly hereketleri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir döretdi. Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp aýdym özboluşly sena bolup ýaňlandy. Feýerwerkleriň we dron şüweleňleri dabaranyň ajaýyp pursatlaryna öwrüldi. Dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bu iri çäräniň bezegine öwrüldi. Türkmen sungatyny ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Moskwada dabaralanan sungat

Halkara gatnaşyklary

31.08.2026

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleriniň we çagalar döredijilik toparlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallaryna, döredijilik forumlaryna yzygiderli gatnaşyp, milli sungatymyzy giňden wagyz etmekleri hem-de özara tejribe alyşmaklary üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. 2026-njy ýylyň 20-22-nji awgusty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde «V Halkara çagalar döredijilik medeni forumy» geçirilip, oňa dünýäniň 17 döwletinden sungat ugurly zehinli çagalary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän goldaw-hemaýatlary netijesinde, bu Halkara forumyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-ineternatynyň zehinli çagalary gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/jjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjjj.jpg) Forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň belli sungat ussatlary bilen döredijilik duşuşyklary, konsertler, saz we tans hünäri boýunça ussatlyk sapaklaryna we sungatyň dürli ugurlary boýunça tanyşlyk çärelerine gatnaşyldy. Şeýle hem, meýilnama esasynda awtobusly gezelenç arkaly çagalar Moskwa şäheriniň gözel ýerlerine aýlanyp gördüler. Halkara forumynyň çäklerinde geçirilen Gala konsertde ýurdumyzdan ozal hem halkara baýragynyň eýesi bolan, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň tans hünäri boýunça 12-nji synp okuwçysy Aýşat Rejepowa Nury Halmämmedowyň sazy esasynda taýýarlanan tansynda üstünlikli çykyş edip tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. Bu Halkara forumyna gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň dürli hünärler boýunça bilim alýan 6 sany zehinli okuwçylary Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň ýörite Sertifikatlary bilen sylaglandy. Halkara foruma gatnaşan zehinli çagalar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde giňden dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ýazyjylarynyň Andijandaky duşuşygy

Halkara gatnaşyklary

29.08.2026

Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ-a) agza döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan türki dilli döwletleriň arasynda özara medeni gatnaşyklar yzygiderli kämilleşdirilýär. Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäheriniň 2026-njy ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýakynda Andijanda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Ýazyjylar birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilmegi hem, özara edebi gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli boldy. Bu duşuşyk Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Özbegistanyň Medeniýet ministrligi, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşigi, Andijan welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy. Andijan welaýat häkimliginiň binasynda geçirilen bu duşuşygy Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Minhojiddin Mirzo alyp bardy. Duşuşykda Andijan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Elýorbek Halmürzäýew, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, TÜRKSOÝ-yň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ulugbek Ýesdowlet, Ankara şäheriniň sosial bilimler uniwersitetiniň rektory, ýazyjy Musa Kazim Arijan, Türkiýe Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Muhammet Enes Kala, Gyrgyz Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Kanibek Imanaliýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Salim Babulla ogly, Gazagystan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Beýbit Saribaý, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Rejebow, Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Gaýrat Majidow we ýazyjy-şahyrlar çykyş etdiler. Bu duşuşykda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň edebi hyzmatdaşlygyny ösdürmek, türk dünýäsiniň umumy sanly edebiýat platformasyny, elektron kitaphanasyny we ýazyjylar baradaky maglumat ulgamyny döretmek, edebi mirasyny gorap saklamak, wagyz etmek we dünýä dillerine terjime etmek boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem, halkara kitap ýarmarkalaryna, edebiýat festiwallaryna we medeni çärelere bilelikde gatnaşmak, TÜRKSOÝ Ýazyjylar Birleşiginiň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasy boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmak, Türk dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň festiwallaryny yzygiderli geçirmek, halypa ýazyjy-şahyrlaryň, terjimeçileriň gatnaşmagynda edebiýat forumyny geçirmek boýunça teklipler aýdyldy. Andijan döwlet lukmançylyk institutynda meşhur türk şahyry Ziýa Gökalpyň edebi mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu maslahat TÜRKSOÝ tarapyndan «2026-njy ýyl - Ziýa Gökalp ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy. Maslahatyň ahyrynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň duşuşygyna gatnaşyjylaryň birnäçesine Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň Minnetdarlyk haty gowşuryldy. Andijanda geçirilen çärelerde çykyş eden ýazyjy-şahyrlar «Edebi dostluk – ebedi dostluk» diýen ýörelgeden ugur alyp, türki dünýäsinde medeni hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegini, birek-birege döredijilik rowaçlyklaryny arzuw etdiler.

Germaniýada Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestriniň üstünlikli çykyşy

Halkara gatnaşyklary

13.08.2026

2026-njy ýylyň 31-nji iýuly 16-njy awgusty aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde ýaş sazandalaryň dünýä derejesindäki döredijiligini görkezýän iň iri halkara medeni çäreleriň biri bolan «Young Euro Classic» halkara ýaşlar orkestrleriniň festiwaly geçirilýär. Ol her tomus Berlin şäheriniň taryhy “Konzerthaus” sungat ojagynda geçirilip, bu halkara çäresi Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan hem-de dünýäniň beýleki sebitlerinden zehinli sazandalary bir ýere jemleýär. Festiwalyň sahnasynda dürli ýurtlaryň iň tanymal ýaşlar orkestrleri çykyş edýärler. Bu ýerde häzirki zaman kompozitorlarynyň dünýä we nemes premýeralary tanyşdyrylýar. Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestri 2026-njy ýylyň 8-10-njy awgusty aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda bu dabaraly sungat forumyna gatnaşdy. Orkestre Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow dirižýorlyk etdi. Şu ýyl bu saz baýramçylygyna dünýäniň 20-ä golaý döwletinden iň saýlama orkestrler we tanymal sazandalar çagyrylyp, festiwala Germaniýa, Awstriýa, Italiýa, Portugaliýa, Sloweniýa, Demirgazyk Irlandiýa, Lýuksemburg, Estoniýa, Ukraina, Türkiýe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hytaý, Hindistan, Türkmenistan döwletlerinden ýaşlar simfoniki orkestrleri we Täjigistan, Wýetnam, Argentina, Marokko, Müsür döwletlerinden bolsa milli saz gurallar orkestrleri gatnaşýarlar. Festiwalyň guramaçylary tarapyndan ýaş nemes sazandalary höweslendirmek maksatnamasynyň çäklerinde, tejribe alyşmak maksady bilen, zehinli sazanda Ýakob Sili türkmen orkestriniň düzümine goşuldy. Ýaş sazandalaryň halkara saz baýramçylygy 9-njy awgustda Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy bilen dowam etdi. Berliniň meşhur “Konzerthaus” konsert zaly türkmen orkestrine tomaşa etmek üçin 1300 golaý saz muşdaklaryny özünde jemledi. Konserde Berlin şäherinde ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, tanymal sazandalar we Germaniýanyň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler hem gatnaşdy. Konsertiň maksatnamasyna türkmen kompozitorlarynyň döredijiligini giňden tanyşdyrmak maksady bilen, türkmen nusgawy saz sungatynyň altyn hazynasyna giren eserler – Çary Nurymowyň joşgunly Fortepiano konserti, Weli Muhadowyň watançylyk ruhy bilen ýugrulan «Meniň Watanym» simfoniki poemasy, Nury Halmämmedowyň nepis «Türkmenistan» simfoniki şekilleri hem-de «Aýgytly ädim», «Keçpelek» kinofilmleriniň unudylmajak sazlary nemes tomaşaçylarynda çuňňur täsir galdyryp, olaryň gyzgyn söýgüsine hem-de dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Festiwalyň şertine laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestri ýaş amerikan kompozitory Aýdan Goldyň ýurdumyzyň giň sähralaryny döwrebap saz dili bilen suratlandyrýan «Songs from Turkmenistan» («Türkmenistanyň owazy») hem-de fransuz kompozitory Pierre Thilloýyň «Diable qui danse» (Ruhy tans) atly çuňňur pelsepewi eserlerini Berlin sahnasynda ilkinji gezek Ýewropa diňleýjilerine ýetirdi. Saz muşdaklarynyň şowhunly el çarpyşmalary we konserte ýörite gelen Aýdan Goldyň ýokary bahasy türkmen ýaşlarynyň halkara sahnasyndaky uly üstünligini ýene bir gezek subut etdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan ýaş kompozitor Aýdan Gold konserdi görmek üçin ýörite Berlin şäherine geldi we türkmen orkestriniň çykyşyna ýokary baha berdi. Bu çykyşdan soň ýaş amerikan kompozitory sahna çagyryldy. Türkmen sährasyny häzirki zaman saz tilsimleri bilen beýan edýän bu joşgunly saz tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bu çärä aýratyn öwüşgin paýlady. Konsert tamamlanandan soňra, festiwalyň guramaçylary, oňa gatnaşan sungat söýüjiler Türkmenistanyň ýaşlar orkestriniň we onuň dirižýory Resul Gylyjowyň ýokary baha mynasypdygyny aýratyn belläp, türkmen sazandalar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklanyljakdygyny, konsertiň ahyrynda nemes diňleýjiniň türkmen orkestrini aýaga galyp alkyşlamagy bolsa uly derejeden nyşandygyny mälim etdiler. Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň bu iri festiwala gatnaşmagy türkmen saz sungatynyň halkara medeni giňişligindäki ornuny görkezýän möhüm waka boldy. Festiwala gatnaşan ýaş sazandalar halkara derejesinde geçirilýän dabaralara gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

«Mukam» skripkaçylar toparynyň ajaýyp üstünligi

Halkara gatnaşyklary

23.07.2026

Şu ýylyň 18-24-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeligi geçirildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli ýaşlar orkestrlerini bir ýere jemlän bu halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde, dürli konsertler, orkestrleriň bäsleşigi, bilelikdäki tejribe sapaklary hem-de dünýä ýurtlarynyň tanymal dirižýorlary tarapyndan ussatlyk sapaklary geçirildi. Çärelere Meksikanyň, Awstriýanyň, Bolgariýanyň, Indoneziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlar orkestrleri, ansambllary we dirižýorlary gatnaşdylar. Bu halkara sungat hepdeligine ýurdumyzyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan we bu konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň zehinli okuwçylaryndan ybarat bolan «Mukam» skripkaçylar topary gatnaşyp üstünlikli çykyş etdi. «Mukam» skripkaçylar toparynyň repertuarynda häzirki wagtda türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň 100-e golaý eseri bolup, topara Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmark ýolbaşçylyk edýär. Bu topar ýurdumyzyň toý-baýramlarynda üstünlikli çykyş edip, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallarynda hem milli medeniýetimizi we sungatymyzy giňden dabaralandyrýarlar. «Mukam» skripkaçylar topary Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde orkestrleriň arasynda geçirilen bäsleşikde meşhur nusgawy eserleri joşgunly ýerine ýetirip, emin agzalarynyň ünsüni çekmegi başardy. Tanymal dirižýorlardan, sazandalardan ybarat bolan emin agzalary «Mukam» skripkaçylar toparynyň çykyşyna ýokary baha berdiler. Halkara sungat hepdeliginiň çäklerinde Sun Çingling adyndaky Hytaý ýaşlar ylmy-medeni merkezinde awstriýaly tanymal dirižýor, professor Kristof Kempestrini tarapyndan «Mukam» skripkaçylar toparynyň zehinli sazandalary üçin ussatlyk sapaklary geçirilip, topara ýörite güwänamanyň, şeýle hem, geçirilen konsertlerde ýerine ýetiren kämil çykyşlary, dünýä döwletlerinden gatnaşan ýaşlaryň arasynda halkara saz we tejribe alyşmakda goşan goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagy, bu toparyň çykyşlaryna dünýä derejesinde ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr. Şu ýylyň 21-nji iýulynda Pekin şäheriniň Döwlet teatrynda geçirilen dabarada bäsleşigiň ýeňijileriniň yglan edilip, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan we bu konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň zehinli okuwçylaryndan ybarat bolan «Mukam» skripkaçylar toparynyň «Nusgawy orkestr» baýragyna mynasyp bolmagy, topara ýörite diplomyň hem-de kubogyň gowşurylmagy örän buýsançly wakadyr. Gazanylan bu ajaýyp üstünlikler türkmen medeniýetiniň we sungatynyň halkara giňişligindäki ykrarnamasydyr. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzy aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.

Koreýada ýaňlanan owazlar

Halkara gatnaşyklary

22.07.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dostlukly medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, daşary ýurtlarda iri medeni çäreleriň, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, şeýle hem, dünýä döwletleriniň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi, dünýä halklarynyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Koreýa Respublikasy bilen medeni gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürilip, täze derejelere çykarylýar. 2026-njy ýylyň 16-18-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Gwanjou we Seul şäherlerinde «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» dostluk assosiasiýasy tarapyndan Koreýa Respublikasynyň dostluk günleriniň çäginde geçirilen «Beýik Ýüpek ýoluna Arirang arkaly medeni syýahat» çärelerine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, uly mugallymy Begenç Gaýypow hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrap medeniýet merkeziniň tans toparynyň artisti Arslan Jumaýew gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Olara Koreýa Respublikasynyň Milli Aziýa Medeniýet merkezi tarapyndan ajaýyp çykyş ussatlygy hem-de Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösüşine goşant goşandyklary üçin Ýadygärlik baýragynyň gowşurylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Bu ajaýyp çärelerde ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlarymyz tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, köpöwüşginli sungatymyz olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.