1.Döredijilik bäsleşiginiň maksady
Bu döredijilik bäsleşigini (mundan beýläk – döredijilik bäsleşigini) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilelikde, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri dabaralandyrmak, wagyz etmek, makalalarda, edebiýat we sungat eserlerinde joşgunly we çeper wasp etmek, döredijilik işgärlerini höweslendirmek maksady bilen geçirýärler.
2. Döredijilik bäsleşiginiň umumy düzgünleri
Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, suratkeşleri, sungaty öwrenijileri, çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler.
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan tassyklanylýar.
3. Döredijilik bäsleşiginiň şertleri
Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän eserlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, bedew batly Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanýan uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri, halkymyzyň parahat we abadan durmuşy giňden wasp edilip, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baý many-mazmunly eserler bilen baýlaşýandygy aýdyň beýanyny tapmalydyr.
Döredijilik bäsleşiginiň 1-nji şertine laýyklykda:
metbugatda çap edilen goşgular, makalalar, hekaýalar hödürlenilýär. Şahyrlar şygryýetiň nusgawy görnüşlerinden (aýdyşyk, gazal, nezire, kasyda, muhammes) 5-den köp bolan goşgulary, žurnalistler möçberi 4 sahypadan köp bolan makalalary, ýazyjylar möçberi 5 sahypadan ýokary bolan hekaýalary bilen bu döredijilik bäsleşigine gatnaşyp bilerler. Goşgulary, makalalary, hekaýalary (özleri hakynda maglumaty, fotosuraty we metbugatda çap edilen senesini goşmak bilen) 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli sanly-medeniyet@sanly.tm elektron salga ibermeli. Döredijilik bäsleşigi edebi eserler boýunça şu ýylyň iýun aýynda jemlener.
Döredijilik bäsleşiginiň 2-nji şertine laýyklykda:
Suratkeşler şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri bilen (nakgaş, grafika, heýkeltaraşlyk, gobelen, halyçylyk, zergärçilik, külalçylyk, fotosuratlar, dizaýn, binagärlik sungaty işleri) döredijilik bäsleşigine gatnaşyp bilerler. Şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerini 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigine tabşyrmaly. Döredijilik bäsleşigine hödürlenen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak sergide ýerleşdiriler we emin agzalarynyň gelen netijesine görä ýeňijiler yglan ediler.
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň sowgatlary gowşurylar.