logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BILDIRIŞ!



Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki  Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli körpeler üçin täze çykyşlaryny size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň, masgarabazdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz. Sirk çykyşlar 2026-njy ýylyň mart aýynyň 23-28-i aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder.

Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 39-80-46; 36-10-95