logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILDIRIŞ!



VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly 

Hekaýa bäsleşiginiň düzgünnamasy we 

oňa gatnaşmagyň şertleri


Ýewraziýa Ýazyjylar Birleşiginiň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli bu birleşik tarapyndan yglan edilen VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine (mundan beýläk – «Bäsleşik») öň metbugatda çap edilmedik, döredijilik bäsleşiklerinde baýrak almadyk hekaýalar kabul edilýär. Hekaýalar erkin temalarda ýazylyp bilner.

Bäsleşige ýazyjylar iki sany aýry temalarda ýazan hekaýalary bilen gatnaşyp bilerler.

Hekaýalar kompýuterde 12-lik şriftde ýazylyp, her eser azyndan 1 000 (bir müň) we iň köp bolan ýagdaýynda 7 500 (ýedi müň bäş ýüz) sözden ybarat bolmalydyr hem-de hekaýanyň başynda ýazyjynyň edebi lakamy görkezilmelidir.

Hekaýa özboluşly äheňde ýazylan bolmaly. Özboluşly äheňde ýazylmadyk (meselem, emeli aňyň ulanylmagy bilen ýazylan eserler) Bäsleşige kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň hekaýalaryny (çap edilen we elektron görnüşinde), şeýle hem beýleki degişli resminamalaryny (pasportynyň nusgasyny, terjimehalyny, edebi lakamyny, fotosuratyny, ýaşaýan salgysyny, işleýän, okaýan ýerini, telefon belgisini) 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyna çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň sanly-medeniyet@sanly.tm elektron salgysyna ibermeli.

Bäsleşige hödürlenen we tapawutlanan hekaýalar seljerilenden soň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) üsti bilen Guramaçylar toparyna iberiler.  

Bäsleşige hödürlenen hekaýalar yzyna gaýtarylyp berilmeýär.  

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara şu aşakdaky baýraklar gowşurylýar:  

Birinji orun: 45 000 türk lirasy  

Ikinji orun: 25 000 türk lirasy  

Üçünji orun: 15 000 türk lirasy  

Höweslendiriş baýragy: 10 000 türk lirasy

Bäsleşigiň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda yglan edilýär we 2026-njy ýylyň 8-nji dekabrynda baýraklary gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.