logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HALKARA BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY



Niderlandlarda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly 

sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirilýän ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, haly eserleriniň we fotosuratlaryň «Ahalteke bedewi – gözelligiň 

naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY


Ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli buýsanjy, dünýä medeni mirasynyň gymmatly hazynalarynyň biridir. Ahalteke bedewiniň taryhy ähmiýetini, gözelliginiň özboluşly aýratynlyklaryny we halkara derejesindäki şan-şöhratyny giňden wagyz etmek, atçylyk sungatyny ösdürmek hem-de halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlarda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde, ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, haly eserleriniň we fotosuratlaryň
«Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşigi (mundan beýläk – «Halkara bäsleşigi») geçirilýär.


Halkara bäsleşiginiň maksady:


— ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligini sungat eserlerinde
çeper wasp etmek;

— ahalteke bedewleriniň şöhratyny, gözelligini dünýä ýüzünde giňden dabaralandyrmak;

— şekillendiriş we amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan döredijilik wekillerini höweslendirmek, ussat suratkeşleri ýüze çykarmak;

— dünýä halklarynyň sungat wekilleriniň arasynda medeni hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmek.


Halkara bäsleşiginiň guramaçylary:


— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy;

— Ýewropanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasy;

— «Türkmen atlary» döwlet birleşigi;

— Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.

 

 

 

Halkara bäsleşiginiň şertleri:


— Halkara bäsleşigi ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp edýän nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, halyçylyk we fotosurat ugurlary boýunça geçirilýär.

— Halkara bäsleşigine hödürlenýän işleri seljermek üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan bilelikde Gurmaçylyk işçi topary döredilýär (mundan beýläk – «Işçi topar»).

— Halkara bäsleşige isleg bildiren şahslar öz işleri bilen gatnaşyp bilerler.

— Halkara bäsleşigine hödürlenýän eserlerde we fotosuratlarda ahalteke bedewleriniň hakyky tebigy (natural) keşbi akademiki çeper suratlandyrylmaly.

Nakgaşçylyk:

Nakgaşçylyk eserleriniň ölçegine ýa-da ulanylýan materiallaryna çäklendirme goýulmaýar. Suratkeşler öz eserleri üçin amatly hasaplaýan ölçeglerini, serişdelerini we tehnikasyny erkin saýlap bilerler.

Zergärçilik:

Zergärçilik eserleri gymmatbaha metallardan ýasalan we gymmat bahaly daşlar bilen bezelen, ahalteke atlarynyň ölçegine laýyk gelýän, atyň bezeg şaý-sepleriniň toplumy (uly we kiçi alagaýyş, göwüsbent, eýer) bolmalydyr.

Heýkeltaraşlyk:

Heýkeltaraşlyk eserleriniň ölçegine ýa-da ulanylýan materiallaryna çäklendirme goýulmaýar. Heýkeltaraşlar öz eserleri üçin amatly hasaplaýan ölçeglerini, serişdelerini we tehnikasyny erkin saýlap bilerler.

Halyçylyk:

Hödürlenýän haly önümleri ahalteke bedewleriniň şekili salnyp dokalan el işleri bolmalydyr.

Fotosuratlar:

Fotosuratlaryň hili we formaty eminler toparynyň professional
baha bermegi üçin aşakdaky standartlara laýyk gelmelidir:

Format we göwrüm: Fotosuratlar elektron görnüşde JPEG ýa-da TIFF formatynda, sergi üçin çap etmäge mümkinçilik berer ýaly ýokary durulykda (High Resolution, azyndan 300 DPI) bolmalydyr.

Ölçegi: Fotosurat 30x40 sm – 60x90 sm aralygynda, azyndan
3 000 piksel bolmaly ýa-da faýlyň göwrümi 5 MB-dan pes, 20 MB-dan uly bolmaly däldir.

Fotosuratyň asyl mazmunyny üýtgetmek, oňa elementleri goşmak
ýa-da bar bolan zady aýyrmak (retuş üsti bilen obýektleri pozmak),
Emeli Aň (AI) arkaly generirlenen elementleri ulanmak rugsat berilmeýär.

Halkara bäsleşigine eminler toparynyň agzalary gatnaşyp bilmeýärler.

Halkara bäsleşigine gatnaşdyrylan eserler yzyna gaýtarylýar.


Bäsleşige işleri hödürlemegiň tertibi:


Halkara bäsleşigine hödürlenýän eserleriň suraty (heýkel eserleri dürli tarapdan surata düşürilmeli) elektron görnüşinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýulyna çenli Işçi toparyna iberilýär (Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, A.Nowaýy köçesi, 90-njy jaý, e-mail: tdca.best@gmail.com, tdca.ylym@gmail.com tel: +99312927217).

Bäsleşige hödürlenýän eserler Işçi topary tarapyndan seljerilip, makullanan eserler 2026-njy ýylyň 4–5-nji sentýabrynda Niderlandlaryň Kronenberg şäheriniň Pilbergen atçylyk sport toplumynda ýörite meýdançada sergilener we halkara eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlener.

Halkara bäsleşigine gatnaşyjylar döreden eserlerini we özleri baradaky maglumatlary (ady, familiýasy, fotosuraty, işleýän we okaýan ýeri, ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi, elektron poçta salgysy) elektron görnüşinde Işçi toparyna ugratmalydyrlar.


Bäsleşigiň jemleri:


Halkara bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyşy şu aşakdaky orunlar boýunça amala aşyrylar:

Nakgaşçylyk ugry boýunça:

I orun (1 ýeňiji)

II orun (1 ýeňiji)

III orun (1 ýeňiji)

Zergärçilik ugry boýunça:

I orun (1 ýeňiji)

II orun (1 ýeňiji)

III orun (1 ýeňiji)

Heýkeltaraşlyk ugry boýunça:

I orun (1 ýeňiji)

II orun (1 ýeňiji)

III orun (1 ýeňiji)

 

Halyçylyk ugry boýunça:

I orun (1 ýeňiji)

II orun (1 ýeňiji)

III orun (1 ýeňiji)

Fotosuratlar boýunça:

I orun (1 ýeňiji)

II orun (1 ýeňiji)

III orun (1 ýeňiji)

Halkara bäsleşiginiň Eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň tanymal döredijilik işgärlerinden, atşynaslardan we tejribeli hünärmenlerden düzüler.