Hormatly tomaşaçylar, sentýabr aýynyň 04-ne Türkmenistanyň Döwlet sirki täzeden-täze çykyşlaryny size hödürleýär. Çykyşlaryň täze möwsümde türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň we ýokary derejede tälim berlen dünýäniň täsin jandarlarynyň çykyşlary size garaşýar.
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda petekleri “online” görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 36-10-95; 36-10-34; 39-80-44; 39-80-45.