Hormatly tomaşaçylar, oktýabr aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet sirki täzeden-täze çykyşlaryny size hödürleýär. Çykyşlaryň täze möwsüminde türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup, baş baýraklara eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň hem-de ýokary derejede tälim berlen dünýäniň täsin jandarlarynyň çykyşlary size garaşýar.
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda petekleri “online” görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.
Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz!