Hormatly tomaşaçylar, Türkmenistanyň Döwlet sirki güýzki dynç alyş möwsüminde täzeden-täze çykyşlaryny size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda ýokary derejede tälim berlen dünýäniň täsin jandarlarynyň, masgarabazlaryň, žanglýorlaryň, akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň we dürli-dürli sirk artistleriniň esasan hem türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň ýatdan çykmajak çykyşlary size garaşýar. Çykyşlar oktýabr aýynyň 21-28-i aralygynda dowam eder. Petekleri satyn almak üçin Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyna ýüz tutyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 36-10-95; 39-80-45; 36-10-34.
Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz.