logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Mämmet Seýidow (1925-1982)



Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, meşhur şahyr Mämmet Seýidow 1925-nji ýylyň 5–nji fewralynda Bäherden etrabynyň «Durun» obasynda dünýä inýär. Şahyr ata-eneden ir mahrum bolýar we yetimler öýünde terbiýelenýär.
M. Seýidow 1958-nji ýylda hazirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Şahyr türkmen döwlet neşirýatynda redaktor, «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žumalynda bölüm redaktory, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde edebi maslahatçy wezipelerinde zähmet çekýär. Şahyr döredijilik işine 1945-nji ýylda başlaýar.
Ilkinji goşgular ýygyndysy «Aşgabat gülleri» diýen at bilen 1950-nji ýylda neşir edilýär. M. Seýidowyň «Atalaryň ýodasy», «Goşgular», «Meniň hazynam», «Oba ertekisi», «Çöl rowaýaty», «Durun mukamy», «Bahar gündeligi», «Bahar bilen duşuşyk», «Bäşinji okean», «Liriki fantaziýa», «Seniň yşkyňda», «Iki desse gül» atly goşgular, poemalar ýygyndylary dürli ýyllarda neşir edildi. Şahyr çagalar üçin hem ençeme eserler döretdi. Onuň «Kitaply oglan», «Dostlar», «Çoluk», «Gijeki myhman», «Arzygülüň hiňňildigi», «Arzygülüň gezelenji», «Ussa Halat», «Sakçynyň kümesinde», «Altyn Aý» ýaly goşgular we poemalar kitaplaryny ýaş okyjylar uly höwes bilen garşyladylar.
M. Seýidow kyssa žanryna hem ýüzlendi we «Kesearkaç» romanyny okyjylara sowgat berdi. M. Seýidow – ussat terjimeçi. Onuň terjimesinde täjik ýazyjysy Sadreddin Aýniniň «Buhara», täjik şahyry Mürze Tursunzadeniň «Hasan arabakeş», azerbaýjan şahyry Jahan Efruzyň «Iki ene» kitaplary türkmen dilinde neşir edildi. Ol şahyr Anna Kowusow bilen bilelikde rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» poemasyny türkmen diline terjime etdi. Özboluşly çylşyrymly şygyr düzüliş formasy bilen edebiýat taryhyna giren bu eseri terjime etmek işi uly ussatlygy talap edýär. Bu eseriň kämil terjimesiniň dolulygyna türkmen okyjylaryna ýetirilmeginde Mämmet Seýidowyň hyzmaty uludyr. Şahyr dünýäden ötenden soňra, Garaşsyzlyk ýyllarynda oňa Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berildi. Mämmet Seýidowyň kämil hem çeper eserleri türkmen edebiýatynda mynasyp orny eýeleýär.