logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Atageldi Garýagdyýew



Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, saz sungaty hünäri boýunça professor, ýurdumyzda meşhur halypa aýdymçy Atageldi Garýagdyýew 1952-nji ýylyň 23-nji martynda Mary welaýatynyň Mary etrabynda dogulýar. A.Garýagdyýew 1980-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwanyň I.P.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyny tamamlap, ýekelikde aýdym aýtmak hünärine eýe bolýar. Meşhur kompozitor N.Halmämmedowyň sazlaryna, ussat şahyr G.Ezizowyň hem-de beýleki şahyrlaryň sözlerine sözlerine döredilen birnäçe aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirýär.

A.Garýagdyýewiň repertuarynda diňe bir türkmen kompozitorlarynyň eserleri bolman, eýsem, daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerine hem uly orun berilýär. Halypa aýdymçy Russiýa Federasiýasynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Awstriýa Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda, Italiýa Respublikasynda, Belgiýa Patyşalygynda, Gyrgyz Respublikasynda,Täjigistan Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Hytaý Halk Respublikasynda bolup, türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýar.

A.Garýagdyýew «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly atlara, «Galkynyş», «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordenlerine, «Gaýrat» medalyna, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyna, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna eýe bolýar. A.Garýagdyýew ussat halypa hökmünde ýaş zehinleriň ýetişmegine önjeýli goşant goşýar. Ol häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory bolup zähmet çekýär.