logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Ödenyýaz Nobatow (1929-2006 ý)



Ödenyýaz Nobatow 1929-njy ýylyň sentýabr aýynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Baýraç obasynda dünýä inýär. Heniz 5-6 ýaşlaryndaka kakasy Nobat bagşynyň beren kiçijik dutarynda ýönekeýje kakuwlary edip başlan Ödenyýazyň ilkinji halypasy hem kakasy bolýar.
Mekdep ýaşyna ýetmedik Ödenyýazyň çaga owazy obanyň uly bolmadyk üýşmeleňlerinde, mekdebe gatnap ugransoň ol ýerdäki höwesjeňleriň hatarynda ýaňlanyp başlaýar. Ýaş zehiniň ýiti ukyby döwrüň uly halypalarynyň biri Garly bagşyny haýran edip, ony şägirt almagyna sebäp bolýar. Garly bagşynyň halypalyk etmegi Ödenyýazyň kämilleşmeginde uly yz galdyrýar. 1943-nji ýylyň güýz paslynyň ortalarynda Garly bagşy Ödenyýazy alyp Aşgabada gelýär. Heniz kämillik ýaşyna ýetmedik bagşynyň aýdýan «Dilber», «Ol daglaryň», «Gözelim», «Owadan gelin» ýaly aýdymlary Türkmen radiosy üçin ýazgy edilýär. Ödenyýaz örän köp taraply zehinli bolup, diňe aýdym aýtmak bilen çäklenmän dessanlary hem aýdypdyr şeýle-de gargy tüýdükli gadymy aýdymlaryň heňlerini saz nusgalaryna geçirip hem çalypdyr. Ýyllaryň dowamynda höwesjeňleriň toparyna ýolbaşçylyk edip ençeme bagşy-sazandalary sungat ýoluna gönükdiren bu halypa owgan rubagydyr, kawkazlylaryň taryny hem ezberlik bilen çalypdyr. Onuň dürli ýyllarda döreden «Ýarym gelmedi», «Pendiniň», «Ajap eýýam gelmedi» ýaly aýdymlary etrap höwesjeňleriniň ýerine ýetirmeklerinde ýurdumyz boýunça geçirilen bäsleşiklerde, festiwallarda ýaňlanýar. Ödenyýaz Nobatow 1946-1954-nji ýyllarda oba mekdebiniň saz mugallymy bolup işleýär. 1955-nji ýyllarda Baýraç obasynda oba medeniýet öýüniň direktory wezipesinde işleýär. Onuň şägirtlerinden Şirli Hojaýew öz ogullary Gurbanmyrat Nobatow, Töre Nobatow, Agageldi Akumedow, Akmyrat Jumadurdyýew, Bazar Dadyýew, Perdeli Tüňňiýew, Guwanç Jumadurdyýew, Meret Bäşimow, Rozyjuma Saparow dagylary görkezmek bolar. Ö.Nobatow köpiň söýgisini gazandy.
1960-njy ýylda Ö.Nobatowa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly at dakylýar. Ö.Nobatowdan onlarça aýdym-saz ýazgylar miras galdy. Türkmen radiosynda we Döwlet arhiwinde saklanýan şol ýazgylar onuň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär. Özboluşly bokurdak oýnatmalar «Hüýýüldiler», «Jukguldylar» bilen beslenen şol aýdymlar bagşynyň başgalaryňka meňzemeýän ýerine ýetirijilik ýol ýörelgesini, usullaryny aýdyň görkezýär.