logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýagşymyrat Akyýew (1943-2010)



Ýagşymyrat Akyýew 1943-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Galaýmor obasynda dünýä inýär. Ol 1967-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasyny tamamlaýar. Ý.Akyýew bu studiýada okaýarka, Türkmenistanyň halk artistleri Aman Gurbandurdyýew, Nurmuhammet Keşşikow dagydan tälim alýar we talyplyk ýyllarynda «Jahan», «Zor aýakdan lukman bolan» atly oýunlarda baş keşplerde çykyş edýär.. Soňra ol 1968-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna işe gelýär we bu teatryň sahnasynda «Gelin gelýär» atly oýunda ýaş hünärmen hökmünde öýlenýän ýigidiň - Gurduň keşbini janlandyrýar. Şol spektakldan soň Ý.Akyýew «O dünýä syýahat», «Depe göz», «Turandot», «Gelinleriň gozgalaňy», «Görogly», «Ýar gara gözleriň bendiwany men» atly spektakllarda biri-birine meňzemeýän keşpleri ussatlarça janlandyrýar. «Bally molla» atly spektaklda Bally mollanyň, «Ýar gara gözleriň bendiwany men» atly spektaklda Gyraw aganyň keşbinde çykyş edýär. Bu spektakllar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň repertuaryny ençeme ýyllaryň dowamynda bezemek bilen, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanýar. 

Ýagşymyrat Akyýew diňe bir teatr sungatyna goşant goşman, eýsem, türkmen kino sungatyna hem goşant goşan zehinli artistdir. Muňa mysal edip, onuň «Çagaly öý bazar», «Ýigit mydama ýigitdir», «Tentek» atly çeper filmlerde janlandyran keşplerini görkezmek bolar. Ýagşymyrat Akyýewe milli teatr we kino sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşandy göz öňünde tutulyp, 2003-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2007-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar.