logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kakaly BERDIÝEW (1925-2009)



Görnükli publisist, ýazyjy, ussat žurnalist, oçerkçi Kakaly Berdiýew 1925-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Gökdepäniň Bükür obasynda dogulýar. Orta mekdebi tamamlandan soň, 1943-nji ýylyň oktýabrynda «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetiniň redaksiýasynda korrektoryň kömekçisi bolup işe başlaýar. Soňra korrektor edebi işgär, jogapkär kätibiň orunbasary, bölüm müdiri, jogapkär kätip wezipelerinde zähmet çekýär. 1952-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh - filologiýa fakultetini tapawutlanan diploma gutarýar. 1961- nji ýylda bolsa Moskwadaky M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň iki ýyllyk Ýokary edebiýat kursuny tamamlaýar.
Ol «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda baş redaktoryň orunbasary, 1972 - 1987-nji ýyllar aralygynda bolsa «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory wezipesinde işledi. Kakaly Berdiýewe zähmet ýolunda türkmen edebiýatyny, medeniýetini öwrenmekde we wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin 1983-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly at dakylýar.
Ýazyjy 2009-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda aradan çykdy. Publisist ýazyjynyň dürli ýyllarda çap edilen «Adamyň gudraty» (1960), «Akýaýla» (1968), «Menziller» (1970), «Pursat», «Edermen adamlar» (1977), «Çarwadarlar » (1978), «Uzak ýoldan, ýakyn ýürekden» (1981) ýaly kitaplary diňe bir öz döwründe däl, häzirki günlerde hem okyjylaryň arasynda elden-ele geçirilip okalýar. Söz ussady okyjylary öz oçerkleri bilen gaýybana tutuş Türkmenistana aýlaýar. Diňe bir aýlamak bilen däl-de, zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary, has çetki künjekleriň hem ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşdyrýar. Kakaly Berdiýewiň oçerkleri arkaly owadan we sahy topragymyzyň terjimehalyny öwrenmek mümkin. Kakaly aga «Çöl gämisi», «Çynar nämeler hakda söhbet açýar?», «Jorama hat», «Türkmenistanyň çagalary», «Mele topragyň guwanjy», «Yzçy», «Guzular», «Guýy ussasy», «Berdi Kerbabaýew», «Muhammet Çerkezow», «Aga» diýerden ir» ýaly ençeme dokumental filmleriň edebi esasyny ýazan kinodramaturg hökmünde-de ussat halypadyr.
K. Berdiýewiň kämil eserleri Arkadagly zamanamyzyň beýik ösüşlerini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny joşgunly wasp edýän ýaş žurnalistlere, döredijilik işgärlerine nusgalyk mirasdyr.