logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Hangeldi AGAHANOW (1916-2000)



Agahanow Hangeldi 1916-njy ýylyň ýanwar aýynyň 28-inde Aşgabat şäheriniň Köşi obasynda eneden dogulýar. Ol kinorežissýor, terjimeçi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri (1966). Ol 1934-nji ýylda türkmen kinosynda režissýoryň kömekçisi bolup işläp başlaýar. 1937-nji ýylda Aşgabat şäherindäki kino tehnikumy gutarýar.
H.Agahanow kino tehnikumynda moskwaly kinorežissýor A.W.Konstantinowyň elinde tälim alýar. 1938-nji ýyldan dublaýžyň režissýory bolýar.
H.Agahanow 1938-1939-njy ýyllarda “Lenin oktýabrda”, “Tüpeňli adam” we beýleki dünýä kino sungatynyň nusgawy eserleriniň filmlerini türkmen diline geçirýär. Ol “Uzakdaky gelinlik” (1948), “Çopan ogly” (1954), “Aşyr aganyň hötjetligi” (1955), “Maşgalanyň namysy” (1956) ýaly çeper filmleriniň režissýory bolýar. “Aýratyn tabşyryk” (1957), “Aýgytly ädim” (1965) diýen filmleriň bolsa ikinji režissýorydyr. Bulardan başga-da “Ilkinji synag” (1959), “Gündogara tarap on ädim” (1960), “Iň soňky ýol” (1962), “Horaz” (1965) ýaly çeper filmleri goýan režissýordyr.
Оl ýurdumyzyň ösüşine bagyşlanan 3 bölümden ybarat bolan «Türkmenistan boýunça» (1961) atly dokumental filmi hem döretdi. Türkmen kino sungatynda ilkinji filmleriň biri bolan “Ilkinji synag” atly çeper filmi 1959-njy ýylda Kiýew şäherinde geçen çagalar we ýetginjekler barada döredilen filmleriň bütinsoýuz festiwalynda ikinji baýraga mynasyp bolýar. H.Agahanow şol ýyllarda ýurdumyzyň kino işgärleriniň döredijilik guramasyna ýolbaşçylyk etmek bilen, türkmen kino sungatynyň ösmegine gowy goşant goşdy.
Ol 1966-njy ýylda filmleri türkmen diline geçirmek işine dolanyp gelýär. Ol 300-e golaý çeper filmiň, ýüzlerçe dokumental, ylmy-populýar filmleriň ses berlişine režissýorlyk etdi. Şol bir wagtda bu ugurdan milli işgärleri ýetişdirdi. Ol terjimeçi hökmünde, ses berilýän çeper hem dokumental filmleriň redaktory boldy.
H.Agahanow “Hormat Nyşany” ordeni, Türkmenistanyň hökümetiniň Hormat hatlary, “Kinonyň otliçnigi” nyşany, «Watana bolan söýgüsi üçin» medal (1997) bilen sylaglandy.