logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Nurmyrat SARYHANOW (1906 - 1944)



Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda Aşgabadyň etegindäki Gökdepe obasynda dünýä inýär. Ol ilki Aşgabadyň politehnikumyny, soňra Daşkent uniwersitetini tamamlaýar. Şol mahallarda ol gazet-žurnallaryň redaksiýalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.
Nurmyrat Saryhanowyň özboluşly we nusga alarlyk döredijilik ýoly bar. Ol “Giýew”, “Soňky öý”, “Ak tam”, “Ýagtylyk”, “Kitap” atly hekaýalaryň awtorydyr.
Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasy aýratyn bellenilmäge mynasyp. Bu eser ideýa-çeperçilik taýdan ussatlarça ýazylandygy, mazmun taýdan çuňlugy bilen tapawutlanýar. “Şükür bagşy” powesti Nurmyrat Saryhanowyň döredijiliginde aýratyn yz galdyrdy. Ol bu eserinde türkmen dutarynyň gudratyny dünýä jar edýär. Hakyky sungatyň halkylygy baradaky pikiri, mizemez ideýany eseriň esasy baýdagy hökmünde parladýar. Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda ýörite çeper film hem döredildi.
Nurmyrat Saryhanow 1937-1941-nji ýyllar aralygynda gazetleriň redaksiýalarynda dürli wezipelerde işleýär. Beýik Watançylyk urşy başlanan wagty Nurmyrat Saryhanow söweş meýdanyna dolanyp barýar. 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda Nurmyrat Saryhanow söweş meýdanynda wepat bolýar.
Gysga ömründe ajaýyp eserleri döreden, zehinli ýazyjy, batyr esger, hakyky watançy hökmünde halkyň ýüreginde baky ýer alan Nurmyrat Saryhanowyň eserleri türkmen, rus, iňlis, fransuz, pars dillerinde çap edilýär. Nurmyrat Saryhanowyň goýup giden mirasyny öwrenip, ylmy işler hem ýazylýar.