logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Baýram GULMÄMMEDOW (1954–1995)



Baýram Gulmämmedow 1954-nji ýylyň aprel aýynyň 21-inde Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. B.Gulmämmedow–teatr suratkeşi, nakgaş. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri (1994). Ol 1973-nji ýylda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini, soňra 1979-njy ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik institutyny teatr suratkeşi hünäri boýunça tamamlady.

Özüniň zähmet ýoluna Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda suratkeş bolup başlady. 1982-nji ýyldan Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna suratkeş wezipesine işe geçirildi. Ol teatrda sahnalaşdyrylan N.Pogodiniň «Kreml kurantlary», N.Gullaýewiň «Nesimi», M.Karimiň «Aý tutulan gijesi», W.Şekspiriň «Riçard III», N.Pogodiniň «Üçünji patetiki», N.Ostrowskiniň «Düşewüntli orun», B.Kerbabaýewiň «Suw damjasy – altyn dänesi», G.Lorkanyň «Bernarda Albanyň öýi», A.Gurbannepesowyň «Bakja giren oklukirpi», B.Amanowyň «Mollanepes», B.Kerbabaýewiň «Japbaklar» ýaly sahna eserleriniň bezeglerini döretdi. Şeýle hem sahna sungatynda esasy orunlaryň birini eýeleýän B.Gulmämmedow ýurdumyzyň beýleki teatrlarynda goýlan 50-den gowrak spektakllaryň, döwlet konsertleriniň çeper bezeglerini ýerine ýetirdi. 1980-nji ýyllarda zehinli teatr suratkeşiniň döreden eserleriniň şahsy sergisi ozalky SSSR-iň respublikalarynyň, Çeh Respublikasynda (Praga şäheri), Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergiler jaýynda guraldy.