Şahyr Halyl Kulyýew 1936-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginde dünýä inýär. Ol 1943-nji ýylda Darganata etrabyndaky 4-nji mekdebiň 1-nji synpyna okuwa barýar. 1953-nji ýylda bolsa Darganata etrabynyň merkezindäki 1-nji orta mekdebini tamamlaýar.
Halyl Kulyýew 1953 -1955-nji ýyllar aralygynda Darganata etrabynyň 15-nji mekdebiniň başlangyç synp mugallymy bolup işleýär.
1955-1960-njy ýyllar aralygynda, Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetinde okaýar. 1960-njy ýyldan başlap, Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynda mugallym bolup işleýär.
Halyl Kulyýewiň ilkinji goşgusy 1955-nji ýylda «Tokmak» žurnalynda çap edilýär. Şondan soň ol döredijilik işi bilen ymykly meşgullanýar. Şahyryň «Daň şemaly» atly kitaby çap edilýär. Ol «Ýollar we ýodalar», «Daň agarýar», «Gyzly mesele», «Göwnüm seni küýseýär», «Bahar buşlugy», «Bahar söz berýär», «Gunça», «Jeýhun kenarynda», «Güneş», «Garaşylmadyk jogap» atly poemalaryň, goşgular ýygyndylarynyň, ençeme goşgularyň, birnäçe drama eserleriniň awtorydyr. Zehinli şahyr Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy bolup işleýän döwründe, edebiýat meselesinden ylmy-derňew işini hem alyp barýar.
Şahyr Halyl Kulyýew 1978-nji ýylyň 8-nji martynda aradan çykýar. Halyl Kulyýewiň türkmen sährasyny we dünýäsini wasp edýän ajaýyp goşgulary häzirki wagtda-da halkymyzyň kalbynda ýaşaýar.