Kasym Nurbadow – filologiýa ylymlarynyň kandidaty, ýazyjy, çagalar şahyry, ösüp gelýän ýaş nesle ahlak we estetiki terbiýe bermekdäki işeňňir işi, «Maňa ýumuş buýursalar», «Deňiz hüwdüsi» atly kitaplary üçin Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Kasym Nurbadow 1951-nji ýylyň 3-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Ajyýap obasynyň Tagangylyç ýaýlasynda dogulýar. Esenguly etrabynyň Ajyýap obasyndaky 2-nji mekdebiniň 1-nji synpyna okuwa gidýär. Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesindäki 6-njy orta mekdebi tamamlaýar. 1973-nji ýylda A.M.Gorkiý adyndaky uniwersitetini (häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) tamamlaýar. Esenguly etrabynyň Garadepe obasyndaky 10-njy orta mekdebinde mugallym, «Görelde» raýon gazetinde, «Magaryf» neşirýatynda çagalar we ýetginjekler redaksiýasynda, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde, Türkmen telewideniýesinde, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde mugallym bolup zähmet çekdi.
«Öweleme-döweleme» goşgular we ertekiler, «Ak öý» saýlanan eserler, goşgular, poemalar, ertekiler, «Maňa ýumuş buýursalar», «Deňiz hüwdüsi», «Deňziň düýbündäki öý» goşgular, poemalar, ertekiler, «Garadepeli oglanjyk» powestler hem hekaýalar, «Dilimi gyrk» hekaýa, «Esenguly galkynýar» çeper-publisistik kyssalar, «Ilim-günüm» ýatlamalar romany, «Первый день осени» стихи, «Брат солдата» повесть... ýaly birnäçe neşirleriň awtory.
Kasym Nurbadow «Türkmenistanyň Halk magaryfynyň otliçnigi», «Garadepeli oglanjyk» atly kitaby üçin «Iň gowy çagalar eserleriniň» Bütinsoýuz konkursynyň ýeňijisiniň Diplomyna mynasyp boldy. «Zähmet weterany». Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.
2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda K.Nurbadowyň doglan gününe 75 ýyl bolýar.