logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Maýa Kulyýewa (1920-2018)



Maýa Kulyýewa 1920-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda eneden doguldy. 1938-1941-nji ýyllarda Moskwa-nyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda okap, opera teatrynyň aýdymçysy hünärini ele aldy. Ol zähmet ýoluna 1941-nji ýylda ozalky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatrynyň ikinji derejeli artisti bolup işe başlady. 1945-1992-nji ýyllarda şol teatryň ýokary derejeli opera solisti, 1992-2001-nji ýyllarda baş režissýory, oýun goýujy režissýory, 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sah-na ussady derejesi boýunça drama artisti wezipelerinde işledi.

Maýa Kulyýewanyň ajaýyp sesi, artistlik zehini, drama ukyby aýdymçy zenana uly meşhurlyk getirdi. Ol öz aýdymlary bilen dünýä ýü-züne aýlanyp, türkmen aýdym-saz sungaty bilen tanyşdyrdy.

Ol teatryň sahnasynda A.Şapoşnikowyň we Weli Muhatowyň «Zöhre –Tahyr» atly operasynda Zöhräniň we Mahymyň, A.Agajykowyň «Sona» atly operasynda Sonanyň, A.Şapoşnikowyň we D.Öwezowyň «Şasenem-Garyp» atly operasynda Şasenemiň, A.Şapoşnikowyň we D.Öwezowyň «Aýna» atly operasynda Aýnanyň, A.Kulyýewyň we B.Şehteranyň «Ýusup-Ahmet» atly operasynda, Ý.Meýtusyň we Aşyr Kulyýewiň «Abadan» atly operasynda Abadanyň, Ý.Meýtusyň we D.Öwezowyň «Leýli –Mejnun» atly operasynda Leýliniň, A.Şapoşnikowyň «Bägül we Bilbil» atly operasynda Gunçanyň, Ý.Korsakowyň «Ajap gelin» sahna oýnunda Marfanyň, P.Çaýkowskiýniň «Ýewgeniý Onegin» operasynda Tatýananyň, Gunonyň «Faust» operasynda Margaritanyň, «Karmen» operasynda Mikaelanyň, «Şa gelinligi» operasynda Marfiýanyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Maýa Kulyýewa milli kino sungatymyzyň ösmeginde-de özboluşly goşant goşmagy başardy. Ol 1945-nji ýylda surata düşürilen «Jadyly hrustal» 1954-nji ýylda surata düşürilen «Çopanyň ogly» çeper filminde Şekeriň, 1979-njy ýylda surata düşürilen «Gün wagty» çeper filminde Baharyň ejesiniň ýatdan çykmaz keşplerini döretdi. Maýa Kulyýewanyň ýüregi we kalby elmydama ylham joşgunyna, yhlasa we ýaşaýşa bolan söýgä beslendi. Türkmen opera sungatynyň ke-mala geliş taryhy onuň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol geçen asyryň 40-njy ýyllarynda milli opera sungatynyň ýyl ýazgysyny täze sa-hypadan ýazyp başlan sungat işgärleriniň hatarynda bolupdy.

Türkmeniň saýrak bilbili Maýa Kulyýewa 1943-nji ýylda «Türkme-nistanyň at gazanan artisti», 1952-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artis-ti» diýen hormatly atlara, 1955-nji ýylda «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly ada eýe boldy. 2007-nji ýylda Maýa Kulyýewa ýaş sungat işgärlerini ýetişdirmek boýunça halypalyk işi hem-de köp ýyllap çeken döredijilikli we ak ýü-rekli zähmeti üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asy-ry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Watan öňünde bitiren hyzmatlary, ussatlygy, türkmen sungatynyň ösüşine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy üçin, Maýa Kulyýewa 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy hem-de «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy. Ol «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna», «Garaşsyz, Ba-ky Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýylly-gyna» ýubileý medallary, şeýle hem «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy.