logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

OWAZYNA ŞIRIN-NABAT GOŞULAN



«Mukamyň syry» atly çeper filmde Karkaranyň aýdymlaryny aýdan bagşy zenanymyzyň şirin owazy häli-häzirlerem diňläniň ýüreginde ýer edýär. Zenan bagşylar diýlende, ilki bilen ussat bagşymyz Nabat Nurmuhammedowa ýadyňa düşýär. Halkyň kalbyna siňen zenan bagşylar Nurjemal Adyýewa, Sülgün Meretgeldiýewa, Akjagül Myradowa ýaly kärdeş deň-duşlary bilen milli sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşan Nabat bagşy öz ýoluny ykrar etdirmegi başarypdyr. Şirwan perdelerden gaýdýan şirin aýdymlary bilen halkyň kalbyna siňipdir.

Aşgabady etekläp oturan gadymy Änew obasynda dünýä inen Gurbanjemal Nurmuhammedowa heniz kiçijik çagaka, olaryň maşgalasy Kaka sebitlerine, soňra  Aşgabadyň golaýyndaky oba göçüp gelýärler. Jemal jigileri Ogulgurbandyr Meret bilen bu ýerdäki mekdebe gatnap ugraýar. Jemal mekdepde döredilen aýdym-saz gurnagyna gatnaýar. Olar aýdym aýdyp, sahnalarda çykyş edip başlaýarlar. Jemal  bagşynyň dutar tutup, şelpe kakyşyny, perde basyşyny dagy göräýse, sungatyň aşygyna öwrülýär. Aýdymlaryň sözlerini ýat beklemäge çalyşýar, eşiden zadyny hyýalynda gaýtalaýar. Kämahal öýde jigileriniň ýanynda içki joşgunyny özi duýmazdan daşyna çykarýar eken.

 Türkmen döwlet filarmoniýasynyň täze açyljak opera-balet teatryna ýaş oglan-gyzlary işe kabul edýändigi baradaky habary eşiden Jemal göwün matlabyny kakasyna aýdýar. Onuň razylygyny alan Jemal jigisi Ogulgurbany hem alyp filarmoniýa barýarlar. Kabul ediş toparynyň agzalary gyzyň joşgunly sesine haýran galyp işe kabul edýärler. Şondan soňra doganlar filarmoniýada türgenleşik işlerini geçip başlaýarlar. Jemalyň owazly sesi filarmoniýanyň ýolbaşçysy Sahy Jepbarowyň ünsüni çekýär. Şol günden soň halypa aýdym aýtmagyň täsin syrlaryny, meşhur sazandalar Mylly Täçmyradow bilen Pürli Saryýew bolsa, oňa yhlas bilen saz çalmagy öwredýärler. Şeýlelikde, Jemalyň arzuwlary hasyl bolup ugraýar. Filarmoniýada işleýän bagşy-sazandalaryň ählisi ýaş gyzyň aýdym aýdyp, saz çalmaga bolan yhlasyny görüp oňa guwanypdyrlar. Ýerli-ýerden halypalyk goluny uzadypdyrlar. Bir gezek bagşy-sazandalaryň üýşmeleňinde Jemalyň gysga wagtda öwredilen tilsimleri ykjam ele alşy hakynda gürrüň bolýar. Şonda oňa halypasy: «Jemal, ýakymly, süýji owazyň bar, şu depginiňi sypdyrmasaň şetdat ýaly bagşy bolarsyň» - diýýär. Onuň sözüni oturanlar hem makullaýar. Kimdir biri: «Onda bu gyza Şetdat bagşy diýäýeliň?!» diýip söze goşulýar. Ozal hem utanjyndan gyzaryp oturan gyz gözlerini tegeläp, ses gelen tarapa seredýär. Şägirdiniň aljyrap oturanyny gören Sahy bagşy oňa «Şetdat» diýseler näme-kä diýip oýlanyp oturma. Ol Nabat diýdikleri. Ana, şol pursatdan soň onuň adyny Nabat, Nabat bagşy diýip tutup başlaýarlar. Käbir resminamalarda bolaýmasa, onuň Jemal — Gurbanjemal ady tutulman galyberýär. Nabadyň dutar çalyp, aýdym aýtmaga bolan höwesine hiç zat päsgel bermeýär. II içinde uly meşhurlyga eýe bolan, halypa bagşy S.Jepbarowyň aýdym-saz topary 1938-nji ýylda täze döredilen Türkmen döwlet filarmoniýasyna degişli edilýär. Ansambla ýaş bagşylar, şol sanda N.Nurmuhammedowa, N.Adyýewa hem işe kabul edilýär. Bu toparda olaryň aýdýan aýdymlarynyň sany barha köpelip, sesleri durlanyp, owazlary timarlanypdyr. Talapkär halypa hemişe: «Eliňize ýaman öwretmäň, aýdymy ýer saýlap, märeke dannap aýtmak juda gelşiksizdir. Aýdyma gygyranyňyzda gözüňiz hiç zatda eglenmesin. Belent daglary, açyk asmany, owadan gülli-gülälekli sährany göz öňüne getiriň. Şeýtseňiz, sesiňize ses, owazyňyza owaz goşulan ýaly bolar» – diýip, ýaş şägirtlerine öwredipdir. Ansambla gatnaşanlaryň arasynda bu sungatyň gadymdan gelýän asyl nusgalaryna belet, şol nusgalary egsilmez hyruç bilen dowam etdirýän, ösdürýän adamlaryň ençemesiniň bolmagy ýaş bagşy-sazandalar üçin tapylgysyz mekdep bolýar. Olar hakynda Nabat bagşy hemişe ýatlap T.Suhangulyýewiň, S.Jepbarowyň, M.Täçmyradowyň, P.Saryýewiň atlaryny buýsanç bilen tutýar eken.

S.Jepbarowyň ýolbaşçylyk edýän aýdym-saz topary 1943-nji ýylyň tomsunda Moskwa gidýär, ol ýerde birnäçe gün taýýarlyk görüp, soňra urşuň iň gazaply ýeri bolan Tula şäherinde, onuň golaýlarynda ençeme ýerde çykyş edýärler. Şol ýerden hem 2-nji Belarus frontunyň sebitlerine tarap ýola düşýärler. Uzak hem kyn ýollary söküp, söweşýän esgerleriň arasyna gelen medeniýet we sungat işgärleriniň hatarynda, şahyr R.Seýidow, meşhur aýdymçy H.Annaýew, tansçylar G.Japarow, gyjakçy R.Meredow hem-de birnäçe artistler bilen bir hatarda Nabat bagşy hem bar eken. Eli dutarly 16-17 ýaşly gyz orta çykanda, tomaşaçylar tolgunyp, oňa alkyş aýdypdyrlar. Nabadyň belent heňde ýerine ýetiren aýdymlary olaryň gulagyna ene hüwdüsi ýaly ýakymly eşidilipdir. Mahmal owazly bagşy gyzyň aýdan «Tüni derýa», «Kim biler», «Ne bag duýdy, ne bagban», «Selbinýaz» ýaly aýdymlary gazaply söweş meýdanyna ýaz gelen ýaly edipdir. Sungatyň adamlaryň ruhuny nähili belende göterýändigini gören Nabadyň şondan soň aýdym-saza bolan yhlasy has-da artýar. Ol aýdym yzyna aýdym öwrenýär. Halypasy S.Jepbarowyň işiniň köplügi üçin, oňa Pürli aga halypalyk edýär. Meşhur halypa Nabadyň aýdym-saz sungatyna degişli bilesi gelýän sowallarynyň hiç birini hem jogapsyz goýmandyr. Aýdymyň haýsy ýerini çekmeli, haýsy ýerini pessaýlatmaly, hatda nämeden başlap, nirede gutarmalydygyna çenli ýaltanman düşündiripdir. Ýaş bagşa diňe bir halk aýdymlaryny däl, eýsem, döwürdeş kompozitorlarynyň aýdymlaryny hem aýtmagy öwredýär. Şeýlelikde Nabadyň ussatlyk derejesi kämilleşýär. Bu ugurda onuň öz ýoly, ýörelgesi mese-mälim saýlanyp ugraýar. Şol mahallar ýaş bagşylaryň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşikleri Nabada üstünlik yzyna üstünlik getirýär, festiwallardyr bäsleşiklerde Nabat şowly çykyşlar edýär. Nabat Nurmuhammedowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» hem-de «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp bolýar.

Nabat bagşy meşhur sazanda Annanyýaz Öwezow bilen maşgala gurýar. Olaryň perzentleri ilhalar adamlar bolup ýetişýär. Nabat bagşynyň gyzy Annajeren Kulyýewa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada eýe bolýar.

Çynar Gurbanow,  

Türkmenistanyň Medeniýet  ministrliginiň  

Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni.