logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Oraznepes Döwletnazarow



Türkmenistanyň halk bagşysy, halypa bagşy Oraznepes Döwletnazarow 1944-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Bendesen obasynda dünýä inýär. Çagalygyndan öýlerinde aýdym aýdylyp, sazyň çalynmagy, Oraznepesde bu jadyly sungata bolan höwesi döredýär. Ol oba mekdebinde okaýarka aýdym-saza imrinip ugraýar. Daýysy Agamyrat Döwletow Oraznepesiñ aýdym-saza höwesiniñ bardygyna göz ýetirip, oña dutar çalmagy, kakuwy nähili kakmalydygyny öwredýär. Soñra 1958-nji ýyldan başlap Aşgabadyñ ýetginjekler öýündäki aýdym-saz toparyna gatnap, şolaryñ agzalygyna goşulýar. Halypanyň ökde bagşy bolmagynda Türkmenistanyň halk artisti, «Gaýrat» medalynyň eýesi, halypa gyjakçy Ata Ablyýewiň hem köp zähmeti bar. Oraznepes Döwletnazarow orta mekdebi üstünlikli tamamlap, 1962-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. 1970-nji ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlap, türkmen dili we edebiýaty mugallymy kärini ele alýar. Mugallym bolup işe başlasa-da, Oraznepes aýdym-saza höwesiniň güýçli bolanlygy üçin ony sungat öz erkine goýmaýar. Şeýlelik bilen ol türkmen telewideniýesinde ilki režisýoryň kömekçisi, soňra bolsa sazly gepleşikler redaksiýasynyň aýdym-saz redaktory bolup işleýär. Oraznepes aga redaktorlyk eden döwründe birnäçe aýdym-sazly gepleşikleri taýýarlaýar. Olardan «Bagşylar gözel ülkäni wasp edýärler», «Perzentden aýran perdeler», «Dessanlardan aýdymlar», «Türkmen nusgawy şahyrlaryň goşgularyna aýdymlar» diýen ýaly gepleşikleri görkezmek bolar.

Halypa bagşy 1974-nji ýylda Türkmen radiosynyň Çary Täçmämmedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halk saz gurallary ansamblyna işe girýär. Ol saz ojagyna öwrülen bu uly kollektiwde işlemek bilen Çary Täçmämmedow, Tugur Berdinyýazow, Garýagdy Alyýew, Ata Ablyýew, Dörtguly Durdyýew, Saparguly Işangulyýew, Ýagmyr Nurgeldiýew, Akmyrat Çaryýew ýaly ussatlar bilen bile işläp, olardan aýdym-saz öwrenýär we ýerine ýetirijiligini kämilleşdirýär. Halypa ansamblda işlän döwürleri ýurdumyzyň dürli ýerlerinde çykyş edip uly alkyşa mynasyp bolýar. Soňra onuň aýdymlary Russiýa Federasiýasynda, Özbegistan Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Daniýada we başgada birnäçe ýurtlarda ýaňlanyp, saz muşdaklary tarapyndan uly söýgi, gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylanýar. 1981-nji ýylda türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Oraznepes Döwletnazarowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakylýar. 2007-nji ýylda bolsa, halypa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.