logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Nazar Bekmiýew



(1905-1976)

Nazar Bekmiýew 1905-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Köşi obasynda eneden doguldy. Ol 1925-1927-nji ýyllar aralygynda Aşgabatdaky harbylary ýetişdirýän ýörite okuw mekdebinde okaýar. Soňra 1928-1929-njy ýyllarda ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky studiýany okap gutarýar. Şol ýyldanam teatrda artist wezipesinde işläp başlaýar. Ony ussat hökmünde tanadan keşpleriň biri G.Burunow bilen B.Amanowyň «Keýmir kör» spektaklyndaky Zewerdesdir. Artistiň inçe degişmelerinde ýugrumy ýeten bu keşp, uzak ýyllaryň dowamynda tomaşaçylaryň iň arzyly keşpleriniň biri boldy. Soňra ol K.Goldoniniň «Iki hojaýynyň hyzmatkäri» oýnunda Bilgeliniň, W.Şekspiriň «Otello» oýnunda Dožanyň keşplerini ussatlyk bilen döretdi. Zehin siňdirilip janlandyrylan bu keşpler onuň teatr tomaşaçylarynyň arasynda adygmagyna getirýär.

Nazar Bekmiýewiň şekillendiren H.Derýaýewiň «Ykbal» oýnunda Suhan gatysy, B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» oýnundaky Mämmetwelisi, H.Derýaýewiň «Mähri» oýnundaky Mollagyşygy, G.Kulyýewiň «Ýowuz günler» oýnundaky Anna keltesi, B.Amanowyň «Mollanepesindäki» Babahany şeýle keşpleriň hataryna girizilip bilner. Ussat artist özüniň döredijilik işinde ýüzden hem köp keşp döretdi.

Nazar Bekmiýewiň yhlas, zehin, ajaýyp ussatlyk bilen döreden N.Gogolyň «Derňewçi» oýnunda Zemlýanikasy rus nusgawy eserinde çeper sahna keşbiniň nusgawy şekili hökmünde teatr sungatynyň taryhyna girdi. Ol O.Akmämmedowyň «Sekizinji hazyna» atly oýnunda Öwelegiň keşbini ýokary derejede döretmegi başardy.

Artistiň türkmen teatrynyň sahnasynda döreden B.Kerbabaýewiň «Hüýrlukga-Hemra» oýnunda Akyldaryň, G.Muhtarowyň «Murgabyň kenarynda» oýnunda Nyýazyň, A.Atajanowyň «Guşgy galasy» oýnunda Makaryň keşplerine uly ussadyň sungaty siňendir.

Nazar Bekmiýew kino sungatynda döreden «Aýratyn tabşyryk» çeper filminde Gara mürzäniň, «Aýna» çeper filminde Mele baýyň, «Magtymguly» çeper filminde Allaberdi hanyň keşpleri hem bellemäge mynasypdyr. Ol türkmen kino sungatynda birnäçe özboluşly keşpleri döretdi we kino muşdaklarynyň ýürekleriniň töründe baky orun almagy başardy.

Milli teatr we kino sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Nazar Bekmiýew 1963-nji ýyl¬da «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1966-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara eýe boldy.