logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Nurjemal Söýünowa (1913-1996)



Nurjemal Söýünowa 1913-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gypjak obasynda eneden doguldy. Ol ilki 1924-1927-nji ýyllarda Aşgabatdaky Ene Kulyýewa adyndaky internatda okaýar. Soňra Daşkent şäherindäki Orta Aziýa uniwersitetinde bilim alýar. 1936-njy ýylda Aşgabadyň mugallymçylyk institutyny tamamlaýar.
Nurjemal Söýünowa 1930-njy ýyldan 1989-njy ýyla çenli ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti bolup işleýär.
Özüniň yhlasy, egsilmez hyjuwa ýugrulan işjeňligi bilen teatr sungatynda öçmejek yz galdyrdy. Onuň dürli ýyllarda teatr sahnasynda döreden B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» spektaklynda Mamanyň, G.Muhtarowyň «Şeýtan zürýatlary» oýnunda Aýperiniň, G.Kulyýewiň «Ýowuz günler» oýnunda Sabyryň, H.Derýaýewiň «Başlyk» oýnunda Doýdugyň, H.Hekimzadanyň «Baý we batrak» oýnunda Jemiläniň, G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» oýnunda Bikäniň, W.Şekspiriň «Otello» oýnunda Biýankanyň, M.Gorkiniň «Duşmanlar» oýnunda Nadýanyň, N.Gogolyň «Derňewçi» oýnunda Poşlenkinanyň, Hamza Hekimzada Nyýazynyň «Baý we batrak» oýnunda Jemiläniň, B.Amanowyň «Zöhre-Tahyr» oýnunda päk söýgüniň nyşany bolan Zöhräniň, G.Burunowyň «Görogly» oýnunda Agaýunusyň, B.Amanow bilen G.Burunowyň «Keýmir kör» oýnunda Kümüşiň, keşplerini janlandyrdy. B.Kerbabaýewiň «Hüýrlukga-Hemra» oýnunda Güljemiläniň, G.Muhtarowyň «30-njy ýyllar» oýnunda agsak aýalyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär we tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp bolýar.
Şunlukda, Nurjemal Söýünowa türkmen zenanynyň keşbini oýnanynda özüniň döredýän keşbine milli öwüşgin bermäge ussat bolýar. 1950-nji ýyldan soň artistiň döredijilik örüsi has-da giňeýär. Ol kino sungatynda hem özüni görkezip ugraýar. Ozalky döredilen ýaş gyzlaryň sahna keşpleri bolsa indi ene keşpleri bilen çalyşýar.
Nurjemal Söýünowa kino sungatynda «Çopan ogly» atly çeper filminde Akgülüň, «Aşyr aganyň mekirligi» filminde Bikäniň, «Ilkinji ekzamende» Sonanyň, Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädim» kinofilminde Umsagüliň, «Allan aganyň maşgalasynda» Ýazgülüň, «Üç duşmanda» mugallymyň keşplerini döredýär. Yhlas bilen ýerine ýetirilen bu keşpler oňa uly abraý getirýär. Şeýle hem N.Söýünowa türkmen radiosynda taýýarlanylýan radio oýunlarda hem çykyş etdi.
Nurjemal Söýünowa türkmen teatr we kino sungatynyň ösmeginde bitiren hyzmatlary üçin 1944-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1955-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp bolýar.