logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Annagül Gurdowa



Türkmenistanyň halk artisti, halypa aýdymçy Annagül Gurdowa 1951-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aşgabat şäherinde dogulýar. A.Gurdowa 1974-nji ýylda paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini üstünlikli tamamlap, hukukçy hünärini ele alýar. Eýýäm üç ýaşynda aýdym aýdyp başlan kiçijik Annagül aýdymy ömrüniň hemrasy edinip, özüniň mahmal sesi bilen halkyň söýgüsini gazanýar. A.Gurdowanyň repertuarynda halk aýdymlary, esasanam estrada aýdymlary uly orun eýeleýär. A.Gurdowa 1988-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1994-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara eýe bolýar.
A.Gurdowanyň çagalyk we ýetginjeklik döwründe ýerine ýetiren «Jüýjelerim», «Ortada Anna», «Eý mekdebim jana-jan», «Kiçi bilen geçi», «Pöwrizäm», «Akja kepderi», «Bahar geldi», «Kömelek hem gülälek», «Agam geldi», «Çüw, çap atym», «Gurjagym», «Babajyk», «Jigimjan» ýaly aýdymlary häzirki döwürde hem çagalar tarapyndan ürç edip ýerine ýetirilýär. «Ýaşa, Arkadag ýaşa», «Arkadag», «Watana söýgi», «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany», «Türkmenistan janym Watan», «Watan», «Ak şäherim Aşgabat», «Gijeler», «Bulak başynda», «Söýgülimiň birje sözi», «Gar ýagýar», «Sen bolmasaň ýanymda», «Söýmedim seni», «Akja gar», «Söýgi-söýgi», «Mähribanym», «Mähriban», «Geldi Nowruzym», «Obam», «Aýdasym gelýär», «Getirmezmi», «Göwnüm üçin gelme meniň ýanyma», «Söý meni», «Dolanaý-da ezizim», «Deňeýän», «Bahar geldi», «Ejemjan», «Käbäm», «Derýa», «Halyçy gözel», «Küýsärin», «Sen köňlümiň soltany», «Ene elleri hakynda ballada», «Söýgi lirikasy», «Bagyşla ýürek», «Yşkyňda», «Ýatla meni», «Sport saglyk» ýaly aýdymlary halkymyzyň lezzet bilen diňleýän aýdymlaryna öwrüldi. A.Gurdowa B.Annanow, R.Allaýarow, A.Agajykow, R.Rejepow, A.Agabaýew, A.Atabaýew, K,Gurbannepesow, S.Öräýew, Ş.Bäşimow ýaly birnäçe şahyrlar, kompozitorlar, režissýorlar, aýdymçylar bilen döredijilikli işleşdi. Türkmenistanyň teleradio ýaýlymlarynda alypbaryjy hökmünde hem işläp, çagalar we ýetginjekler üçin gyzykly gepleşikleri, sungat söhbetdeşlikleri alyp bardy. Birnäçe teleoýunlarda dürli keşpleri janlandyrdy.
A.Gurdowa haýsy wezipede zähmet çekse-de täze-täze aýdymlaryň üstünde işläp, diňleýjilere ýetirip durýar. A.Gurdowa ýaş zehinleriň ýetişmeginde zähmetini gaýgyrmaýar. A.Gurdowanyň esasy şägirtleri dogany, Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgül Gurdowa hem-de ýegeni, Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa hem halkymyzyň arasynda meşhur aýdymçylar hökmünde tanalýar. A.Gurdowa häzirki wagtda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Merdana» orkestrinde zähmet çekýär.