logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Amangeldi Sapardurdyýew



Amangeldi Sapardurdyýew 1946-njy ýylyň 8-nji maýynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda eneden bolýar. Ol 1970-nji ýylda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr-studiýasyny tamamlady. Şol ýylda şol wagtky A.Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynyň artisti bolup zähmet ýoluna başlady. Ol bu teatra gelip, «Ömrümiň örki» atly sahna oýnunda ilknji keşbi – Gyzyl başagaýyň keşbini döredýär. Şondan soň onuň döredijilik işi ymykly başlandy. Amangeldi Sapardurdyýew «Malahowy togtat» oýnunda 9 ýaşly oglanjygyň, «Sawçylar» oýnunda 18-19 ýaşly Berdiniň keşbini biri-birinden tapawutlykda üýtgeşik zehin bilen döredýär. Soňra ol «Aşyk Peýker» oýnunda Gotur Hannasyň, «Süýji durmuşyň gapysy» oýnunda Mäşirik mollanyň keşplerini ussatlyk bilen döredýär we tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Ol Baýram Abdyllaýewiň «Goja çynar» atly sahna oýnunda Petylla keriň, Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Galkynan göwünler» sahna oýnunda Mele mülkdaryň, N.Rejebowyň «Görogly we Agaýunus» atly sahna oýnunda Genjimiň keşbini ussatlarça ýerine ýetirdi.
Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmeti, şeýle hem teatr sungatyny ösdürmekde goşan şahsy goşandy üçin Amangeldi Sapardurdyýew 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormat atlar bilen sylaglanyldy. 2014-nji ýýylda «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi boldy.